Moskwadaky kitap dükany Staliniň karikaturasy bilen çykan žurnaly satmakdan boýun gaçyrdy
Dükanyň bu karary barada “Eho Moskwy” radiosynyň baş redaktory Alekseý Wenediktow habar berdi.
Taryh barada ylmy-populýar makalalary çap edýän we jildinde köplenç taryhy karikaturalary ýerleşdirýär “Diletant” neşiri kitap dükanlaryna hem ýaýradylýar.
Emma muňa garamazdan, “Molodaýa gwardiýada” žurnalyň täze sanynyň jildinde Staliniň fata, durmuşa çykýan gyzyň köýnegi geýdirilen görnüşde, Hitleriň bolsa penjegi nyşanly şekillendirilmegini “nädogry” hasapladylar. Dükan ýolbaşçylarynyň pikirine görä, bu karikaturada nasistleriň, milli sosialistleriň nyşanlaryny wagyz etmezlik baradaky kanun bozulýar.
“Diletant” 2012-nji ýyldan bäri çap edilýär.
