Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Январь
2020

Orsýetiň Ulýanowsk regionynda türkmenistanlydygy güman edilýän student öz kursdaşyny pyçaklapdyr

0
Orsýetiň Ulýanowsk regionynda türkmenistanlydygy güman edilýän student öz kursdaşyny pyçaklapdyr

Orsýetiň ul.pressa.ru neşri täze ýylyň öňüsyrasynda Ulýanowsk regionynda türkmenistanly studentiň umumy ýaşaýyş jaýynda öz watandaşyny pyçaklap öldürendigini habar berdi.

29-njy dekabrda Ulýanowskyň agrar uniwersitetiniň Oktýabrsk obasyndaky umumy ýaşaýyş jaýynda 1-nji kursuň 22 ýaşly studenti öz kursdaşyna pyçakly hüjüm etdi. Ýaralardan ejir çeken şol ýerde ýogaldy. Hüjümçi ele salyndy. Jenaýat işi gozgalyp, deslapky derňew barlaglary geçirilýär diýip, neşir Ulýanowsk regionynyň derňew organlaryna salgylanyp, 30-njy dekabrda habar berdi.            

Ul.pressa.ru neşri studentleriň Türkmenistanyň raýatlarydygy aýdýar we olaryň bir otagda ýaşandygyny, konfliktiň olaryň öz arasynda kitap üçin tekçeleri paýlaşyp bilmändigi sebäpli dörändigini habar berýär. 

Orsýetiň Ulýanowsk regiony boýunça Derňew komitetiniň websaýtynda 30-njy dekabrda çap bolan maglumata görä, 2019-njy ýylyň 29-njy dekabrda Çerdaklinskiý raýonunyň Oktýabrskiý şäherçesiniň umumy ýaşaýyş jaýynda adam öldürmekde güman edilýän öz tanyşy 1-nji kursuň studenti bilen dawasynyň gidişinde onuň döşüne iki gezek pyçak uransoň ol wakanyň bolan ýerinde ýogalypdyr. 

Bu resmi maglumatda adam öldürmekde gaman edilýäniň we onuň pidasynyň raýatlygy barada habar berilmeýär. Maglumatda Çerdaklinski raýonunda 22 ýaşly studentiň öldürilmegi boýunça jenaýat işiniň gozgalandygy we bu jenaýaty etmekde onuň umumy ýaşaýyş jaýy boýunça 22 ýaşly goňşusynyň güman edilýändigi mälim edilýär.               

Şeýle-de, resmi maglumatda güman edilýäniň tussag astyna alnandygy, Derňew komitetiniň derňewçisiniň ony tussag astynda saklamakdan ybarat jezasynyň berilmegi ugurnda iş geçirjekdigi habar berilýär. 

 

Häzirki wagtda şol bolan wakanyň ähli jikme-jiklerini anyklamak boýunça zerur derňew işleri geçirilýär, sud ekspertizalary bellendi, derňew dowam etdirilýär diýlip, Orsýetiň Ulýanowk regiony boýunça Derňew komitetiniň resmi maglumatynda aýdylýar.

 

Azatlyk Radiosy bu wakada adam öldürmekde güman edilýäniň we onuň pidasynyň raýatlygyny Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň Ulýanowsk regiony boýunça edarasyndan anyklap bilmedi.   

Bu edaranyň resmi websaýtynda 29-njy dekabrda bir adamyň öldürilmegi bilen bagly wakanyň bolandygy tassyklanýar, emma jikme-jikleri berilmeýär. 

2-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna Orsýetiň Derňew komitetiniň Ulýanowsk regiony boýunça edarasynyň protokolunyň nusgasy gowuşdy. Bu dokumentde 29-njy dekabrda Çerdaklinskiý raýonunyň Oktýabrskiý şäherçesinde umumy ýaşaýyş jaýynda Türkmenistanyň raýaty 1997-nji ýylda doglan Tirkiş Owliýägulyýewiň jesediniň tapylandygy aýdylýar. 

Türkmenistanyň raýatlarynyň onlarça müňi daşary ýurtlaryň, şol sanda Orsýetiň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýarlar. Orsýetiň Bilim we ylym ministrliginiň maglumatyna görä, 2018-nji ýylda ýurduň ýokary okuw jaýlarynda 27 müň türkmenistanly bilim alypdyr, 2019-njy ýylda olaryň sany esli azalypdyr. 

Türkmenistanly studentleriň daşary ýurtlarda kriminal hadysalara ilteşigi, şol sanda öz watandaşlaryna garşy jenaýatçylykly hereket etmegi barada maglumatlar media serişdelerinde häli-şindi peýda bolýar. 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda Sankt Peterburgyň derňew organlary Türkmenistanyň üç raýatynyň pul talap etmek maksady bilen öz watandaşyny ogurlamagy bilen bagly waka boýunça derňew geçiripdi.      

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин: Москва увеличивает объемы специализированной медицинской помощи





Москва

В Петербурге и Москве появятся аналоги советских «Березок»


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: В Москве открылись новые выездные площадки для регистрации брака



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Елена Волкова

В Парке Горького вновь пройдет Московский детский фестиваль искусств «НЕБО»




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Азербайджанцев оправдали за убийство спортсмена Евгения Кушнира в Самарской области. Делом заинтересовался глава Следкома РФ А. Бастрыкин

В столице Туркменистана - Ашхабаде открыли памятник легендарному армянскому поэту и композитору Саят-Нове

"Спартак" обыграл "Рубин" со счетом 3:1


Арина Соболенко

Соболенко — Коллинз: белоруска выиграла первый сет в полуфинале Рима



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Мир

Хейтеры набросились на Волочкову после отпуска на Мальдивах



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России