Ahwazda Eýranyň “Kuds” güýçleriniň öldürilen komandiriniň ýas çäreleri başlandy
Müňlerçe eýranly Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň “Kuds” güýçlerine ýolbaşçylyk eden kasem Suleýmaniniň hökümet tarapyndan gurnalan ýas üýşmeleňlerine gatnaşdy.
Ýas üýşmeleňleri 5-nji ýanwarda Eýranyň Yrak bilen serhedine golaý Ahwaz şäherinde we mukaddes Maşat şäherinde geçirldi.
Döwlet telewideniýesi 5-nji ýanwardaky dabaralary, daň atmazynyň öňüsyrasynda jesedi getirilen Suleýmaniniň hatyrasyna ýöriş edip, döşlerine urup, şygar aýdan gara geýimli erkekleriň ýörişini göni efirde alyp görkezdi.
Eýran TW-si harby orkestriň saz çalýan wagtynda eýran baýdagyna dolanan tabydyň uçardan düşürilişini görkezýän wideony çap etdi.
Eýran üç günlük ýas yglan etdi we 7-nji ýanwarda dogduk mekany Kermanda jaýlanmazyndan öň, Suleýmaniniň jesedi mukaddes Maşat şäherine we Tährana eltilýär.
“Kuds” güýçleriniň komandiri hökmünde, 62 ýaşyndaky Suleýmani Tähranyň daşary ýurtlardaky gizlin we harby operasiýalaryny gurnamaga kömek etdi. Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň daşary ýurt bölümi bolan “Kuds” güýçleri Birleşen Ştatlar tarapyndan daşary ýurt terrorçy guramasy diýip kesgitlendi.
Ol Eýran tarapyndan goldanylýan milisiýa agzalary bilen awtoulagly Bagdat aeroportundan çykyp barýarka, 3-nji ýanwar güni ir sagatlarda ABŞ-nyň zarbasy netijesinde öldürildi.
Bu zarba Waşington bilen Tähranyň arasyndaky dartgynlyklary düýpli ýokarlandyrdy.