Trampyň impiçment diňlenişigi Senatda dowam edýär
![Trampyň impiçment diňlenişigi Senatda dowam edýär](https://gdb.rferl.org/17FE8A50-A49A-492D-9FA7-C258982EBC7D_cx0_cy10_cw0_w800_h450.jpg)
ABŞ-da Respublikan prezident Donald Trampyň impiçment diňlenişigi 21-nji ýanwarda Senatda dowam eder. Onuň ýekşenbe gününden gaýry, hepdäniň alty gününiň dowamynda geçirilmegine garaşylýar.
20-nji ýanwarda Trampyň aklawçylary bu iş bilen baglylykda öz belliklerini hödürlediler.
ABŞ-nyň Wekiller Öýündäki Demokratlar Trampa Ukraina bilen ilteşikli gepleşiklerinde wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak, şeýle-de Kongresi böwetlemek aýyplamalaryny bildirdiler.
Trampyň aklawçylarynyň hödürlän 110 sahypalyk belliklerinde prezidentiň jenaýat etmändigi nygtalýar.