Gyrgyzystanyň esasy uly ýolunyň başlygy, onuň gol astyndakylar korrupsiýada aýyplanýar
Gyrgyzystanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugy 11-nji iýunda tussag edilenleriň arasynda iki sany tölegli ötük nokadynyň ýolbaşçylarynyň hem bardygyny aýtdy.
Emma döwlet gullugy tussag edilen işgärleriň şahsyýetlerini anyklaşdyrmakdan saklandy.
Ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugynyň beýanatynda, "deslapky çaklamalara görä, güman edilýänleriň bikanun hereketleriniň 20 million somdan gowrak (270,000 dollar) zyýan ýetirendigi aýdylýar".
