Amerikada we Aziýada koronawirusyň möwç alýan wagtynda Ýewropa serhetlerini açýar
Germaniýa, Belgiýa, Fransiýa, Gresiýa we Çehiýa Respublikasy öz serhetlerini ilkinji açýan ýurtlaryň arasynda. Awstriýa olara 16-njy iýunda goşulýar.
Ýurtlaryň sazlaşykly hereketi geçen hepdede Ýewropa Komissiýasynyň guramanyň agza ýurtlaryna serhetlerini mümkin boldugyndan tiz açmagy maslahat bermeginiň yzýanyna gabat geldi.
Serhetleriň açylmagy ÝB-niň, Britaniýanyň we Ýewropanyň wizasyz syýahatçylyga rugsat berýän şengen giňişligine girýän beýleki ýurtlarynyň raýatlaryna täsir ýetirer.
Şol bir wagtda-da, ýurtlar test synaglaryna we syýahatçylar üçin howpsuzlyk rekomendasiýalaryna degişli dürli düzgünleri ýöredýär. Kontinentiň daşyndaky syýahatçylar bolsa Ýewropa barmak mümkinçiligine heniz garaşmaly bolar.
