Kitap tekjesi üstünde turan dawada ildeşini pyçaklan türkmenistanla 9 ýyl berildi
Bu waka 2019-njy ýylyň 29-njy dekabrynda, Täze ýyl gijesiniň öňüsyrasynda boldy, okamaga gelen student özara dawa netijesinde, öz ildeşine iki gezek pyçak urdy. Ejir çeken wakanyň bolan ýerinde jan berdi.
“Ulýanowsk.Ekspres” neşiriniň 18-nji iýunda beren habaryna görä, berk düzgünli koloniýada dokuz ýyl oturmaly bolar.
Metbugat maglumatlarynda iki studentiň kitap tekjesi üstünde oňuşmandygy habar berlipdi.
