Hytaýyň parlamenti Hong Kongyň milli howpsuzlygy baradaky kanuny kabul etdi
Kanun Hytaýyň Milli Halk Kongresiniň Milli hemişelik komiteti tarapyndan 30-njy iýunda kabul edildi diýip, Hong Kongyň Pekine tarapdar iň uly partiýasy DAB kanuny gowy garşy alyp, ýaýradan beýanatynda aýtdy.
Howpsuzlyk baradaky täze kanun Günbatar hökümetleri tarapyndan ýiti tankyt edildi.
Kanuna garşy çykyş edýänler munuň şäheriň işewür toparlaryny we syýasy azatlyklaryny bozjakdygyny aýtdylar. Şeýle-de, olar Hytaýda başgaça pikirleri ýok etmek üçin ulanylýan şuňa meňzeş kanunlary göz öňünde tutup, munuň Hong Kongyň awtonomiýasyny ýitirmegine getirjekdigini belleýärler.
Pekin geçen ýyl Hong Kongda geçirilen demokratiýa tarapdar protestlere jogap hökmünde bu kanuny kabul etdi we bir ýyllap dowam eden protestlerden, şol sanda käbir ýowuzlyklardan soň Hong Kongda durnuklylygy dikeltmegiň zerurdygyny aýtdy.
Bu kanun bölünişigi, döwlet häkimiýetini agdarmagy we daşary ýurt güýçleri bilen gizlin ylalaşmagy jenaýat hasaplaýar.
