Bişkekde aktiwistler "Kanunylyk üçin" ýöriş etmegi dowam etdirýär (wideo)
27-nji dekabrda Bişkekde ýekşenbede adat bolan "Kanunylyk üçin" ýörişi geçirildi, oňa gatnaşyjylar ýurtda hökümetiň görnüşini kesgitlemek üçin referendum geçirilmegine garşy çykýarlar.
Baştan Başta hereketi tarapyndan başlanan çärä gatnaşyjylar, adat bolşy ýaly, günortan Bişkek demir ýol menziliniň golaýyndaky Lineinaýa we Erkindik köçeleriniň kesişýän ýerinde ýygnandylar.
Soň olar plakatlar we şygarlar bilen "Ala-Too" merkezi meýdançasyna çykdylar. Olaryň çykyşlaryndan gelip çykýan umumy many ýygnananlaryň ýurduň konstitusiýasyna girizilen üýtgeşmelere, ýurtda awtoritarizmiň döredilmegine we häkimiýetiň bir elde jemlenmegine garşy çykýandygyny görkezýär.
Indi sekiz hepde bäri paýtagtda şeýle mazmunly parahatçylykly ýöriş geçirilýär. Aktiwistleriň aýtmaklaryna görä, olar her ýekşenbe güni ýöriş edip, ýurduň häkimiýetleriniň öz pikirlerini diňlemegini gazanmaga çalyşýarlar.
Gyrgyzysatnda hökümet görnüşini saýlamak boýunça planlaşdyrylan referendum 2021-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda geçiriljek prezident saýlawlary bilen bir günde geçiriler.
Köpçülikleýin ses berişlikde raýatlar "Prezident ýa-da parlament dolandyryşy görnüşleriniň haýsyny saýlaýarsyňyz?" diýen soraglara jogap bermeli bolarlar. Býulletene “Ähli wariantlara garşy” diýen sütün hem girýär.
Bu dokument Ýokary geňeş tarapyndan bary-ýogy iki günde - 9-njy dekabrda (birinji okalyşda) we 10-njy dekabrda (ikinji we üçünji okalyşda) kabul edildi.
Ony durmuşa geçirmek üçin döwlet býujetinden takmynan 40 million som bölünip berildi.