Berdimuhamedow Ýokary kazyýetiň başlygyny çalyşdy
Prezidentiň gol çeken permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy Gylyçmyrat Hallyýew, başga işe geçmegi sebäpli, wezipesinden boşadyldy. Onuň täze wezipesi aýdylmaýar.
Şeýle-de, prezident howpsuzlyk mejlisinde eden çykyşynda Hallyýewe “Türkmenistanyň at gazanan ýuristi” diýen hormatly adyň dakylandygyny aýtdy.
Prezidentiň permany bilen, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesine Guwançmyrat Ussanepesow bellenildi we oňa ikinji hünär derejesi berildi.
Şeýle-de, howpsuzlyk mejlisinde Ahal welaýatynyň Sarhas etrabynyň prokurory Toýly Bäşimow Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi. Sarahs etrabyna Şöhrat Taýew prokuror bellenildi. Saýat etrabynyň öňki prokurory Sähetdurdy Atajanow ygtyýarlyk möhletiniň dolmagy sebäpli wezipesinden boşadyldy.
Prezident başga-da birnäçe prokurory wezipä belledi we wezipeden boşatdy.
