Burmada polisiýa hökümet agdarylyşygyna garşy protestleri basyp ýatyrýar
Burmada polisiýa geçen hepdedäki harbylaryň agdarylyşygyna garşy köçelere çykan protestçileri dargatmak üçin söweş oklaryny howa atdy we suw toplaryny ulandy.
9-njy fewralda protestler tapgyr dördünji gün dowam etdi. Demonstrantlar diktatorlygy ýazgaryp, şeýle-de saýlanan lider Aung San Suu Kýiniň tussag edilmegine nägileligini bildirip köçelere çykdylar.
Protestler täze huntanyň, ýagny häkimiýeti ele geçiren harbylaryň toparynyň “durnuklylygy” bozýandygyny aýdýan protestçilere garçy çäre görjekdigi baradaky haýbatlaryna hem garamazdan geçirilýär.
Mýanmar diýlip hem atlandyrylýan bu döwletiň paýtagty Neýpidodan gowuşýan maglumatlara görä, polisiýa protestçilere garşy suw toplaryny ulandy, soňra-da olary dargatmak üçin söweş oklaryndan howa atdy.
Protestçiler 1-nji fewralda harbylaryň agdaran raýat hökümetiniň täzeden dikeldilmegini, Suu Kýiniň we häkimiýet başyndan çetleşdirilen syýasy partiýanyň tussag edilen beýleki agzalarynyň azat edilmegini talap edýärler.
Harbylaryň döwlet agdarylyşygy halkara derejesinde ýazgaryldy.
Ýurtda köpçülikleýin ýörişler başlanandan soňra, harbylar Naýipidoda, Ýangonda we beýleki şäherlerde bäşden artyk adamyň toplanmagyna garşy gadagançylyk girizdi.
Protestleriň tutaşan şäherlerinde agşam komendant sagady hem girizildi.