Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Март
2021

Döwlet dükanlaryndaky azygyň ilata elýeterliligi barha gowşaýar

0
Döwlet dükanlaryndaky azygyň ilata elýeterliligi barha gowşaýar

Türkmenistandaky döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň ýetmezçiligi bilen baglanyşykly ýagdaý ýaramazlaşýar. Subsidirlenen önümleriň görnüşleriniň azaldylmagy bilen bir wagtda hökümet bahalary hem ýokarlanýar. Ýurduň bazarlarynda hem azyk önümleriniň bahasy gitdigiçe artýar. 

Çarşenbe güni irden Aşgabatda Howdan sebitindäki döwlet dükanlary mundan beýläk ýumurtganyň subsidirlenen bahadan çykarylmajakdygyny duýdurdylar.

Azatlygyň habarçysy soňky gezek paýtagtyň döwlet dükanlarynda ýumurtganyň 8-nji martda satylandygyny habar berýär. Emma ol şonda-da ýumurtganyň bahasynyň eýýäm iki esse gymmat bolandygyny aýdýar.

“Meniň sekiz çagam bar. 8-nji martda, baýram mynasybetli maňa 15 sany ýumurtgany satyn almaga rugsat berildi. Ýöne bahasy eýýäm 1 manatdy. Ozal 11 sany ýumurtgany 5 manatdan, ýagny her sanysyny 45 teňňeden satyn alyp bolýardy. Ýumurtganyň bahasy iki esseden köpräk ýokarlandy. Sekiz çagany 15 ýumurtga bilen doýuryp bolmaz. Şu gün bolsa, mundan beýläk umuman, 1 manatdan hem ýumurtga bolmaz diýdiler”, diýip Howdan etrapçasynyň ýaşaýjysy Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde zeýrendi.

Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, azyk ýetmezçiliginden we bahalaryň ýokarlanmagyndan başga-da, döwlet dükanlarynda subsidirlenen önümleriň ýany bilen gerekmejek dürli harytlary goşup satmak tejribesi dowam edýär.

“Duşenbe güni öýlän 14-nji döwlet dükanynda şeker satuwa çykaryldy, ýöne ýany bilen pes hilli tüwi 8 manada satyn almaly edildi, şeýle edip 9 manatlyk şekeriň bahasy 17 manada çykdy. Emma şuny-de almak miýesser etmedi. Şol güni azyk daşaýan ýük ulagy gelende tötänleýin dükanyň golaýynda boldum, satyjy birnäçe guty getirdi, içinde şekerli haltalar bar ekeni. 1 kilogram şeker paketleri bary-ýogy 15 adama ýeterlikdi. Ýagny, ullakan ýaşaýyş etrapçasy üçin 15 kilogram şeker satuwa çykaryldy. Şol gün diňe dükana tötänleýin giren adamlar şeker satyn almagy başardylar”, diýip paýtagt ýaşaýjysy aýdýar.

Aşgabadyň başga bir ýaşaýjysynyň habarçymyza aýtmagyna görä, duşenbe güni 8-nji döwlet dükanynda 19 manatlyk ösümlik ýagy satuwa çykarylypdyr, ýöne onuň ýany bilen möhleti geçen bolmagy mümkin gaýmagy satyn almak mejbur edilipdir.

“Gaýmagyň gutusynda onun öndürilen wagty gaty kiçijik harplar bilen görkezilipdir, ony okamak mümkin däl. Telefonym bilen surata düşürdim we ýazgyny ulaltjak boldum, ýöne hiç zat okap bilmedim”, diýip Azatlygyň söhbetdeşi aýdýar.

Pes hilli tüwiden başga-da, turkmenistanlylar subsidirlenen önümleriň ýany bilen möhleti geçen köke, süýji, zaýalanan gök önümler, hatda kämahal rezin şypbyk ýa-da gaty pes hilli plastik bedre ýaly önümleri satyn almaly bolýarlar.

Çörek, un, ýumurtga, şeker, ösümlik ýagy we towuk aýaklary Türkmenistanyň ilaty üçin iň köp talap edilýän azyk önümleri. Uzaga çeken ykdysady krizis wagtynda azyk önümlerini döwlet dükanlaryndan belli bir bahadan satyn almak ilat köpçüliginiň gün görmegi üçin ýeke-täk mümkinçilik bolýar.

Subsidirlenen harytlaryň bahasy Türkmenistanda birnäçe ýyl ozal ykdysady kynçylyklar başlaly bäri birneme üýtgewsiz saklandy. Ýöne geçen aýyň aýagynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň mejlisiň deputatlary bilen duşuşygyndan soň bahalar esli galdy. Şol duşuşykda Berdimuhamedow "ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine, ilatyň ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berýäris" diýp yglan etdi. 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин прибыл в Китай с рабочим визитом





Москва

За прошедшую неделю подмосковные росгвардейцы обеспечили безопасность более 200 мероприятий


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: Москва и Пекин подписали программу сотрудничества на 2024-2026 годы



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Бато Багдаев

Театр и Цирк, Культура и Концерт, Россия и Дети: «Волшебный платок бабушки Дари» - это захватывающее путешествие в мир бурятской сказки, которое не оставит равнодушным ни одного зрителя




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Военно-спортивный фестиваль Росгвардии в «Лужниках» собрал более 20 000 москвичей и гостей столицы

Резидент «Инсайт Люди» Дмитрий Зубов установил мировой рекорд по чеканке мяча

В УФСИН России по Республике Дагестан прошли лично-командные соревнования по легкой атлетике


Кирилл Скачков

Скачков и Тайлакова выиграли соревнования по настольному теннису на Играх БРИКС



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Українські новини

Відомий аграрій Кормишкін, складає свої депутатські повноваження



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России