Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Март
2021

Türkmenistan COVID-19 pandemiýasyna garamazdan, Nowruzy üýşmeleň bilen belledi

0
Türkmenistan COVID-19 pandemiýasyna garamazdan, Nowruzy üýşmeleň bilen belledi

Dünýä ýurtlary koronawirus keseliniň ýaýbaňlanmagyna garşy göreşip, ykdysadyýetlere zyýan ýetirýän çäklendirmeleri we ýygnanyşyklara gadagançylygy girizýän wagtynda, Türkmenistanyň häkimiýetleri üýşmeleňli dabaralar bilen Nowruz baýramyny belleýärler. Türkmenistan ýurda koronawirus keseliniň aralaşmandygyny resmi derejede aýdýan hem bolsa, öz ilatynyň ýurduň içinde erkin hereket etmek mümkinçiligini çäkli saklamagyny dowam etdirýär.       

21-nji martda, Nowruz baýramçylygynyň ilkinji gününde, köp sanly adamyň gatnaşmagynda Çoganlydaky kanalyň boýunda baýramçylyk konsertleriniň geçirlendigini we konsertdir-sergiler ýaly tomaşalaryň 22-nji martda Ýaýla atly meýdanda hem bolandygyny we bu ýere Ak öýüň dikilendigini "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri habar berýär.  

Garaşsyz neşiriň maglumatyna görä, adatça bolşy ýaly, baýramçylyk çäreleri Aşgabadyň transport gatnawyna ýaramaz täsir ýetiripdir. Müňlerçe adam görkezilen çärelere gatnaşmak üçin aýdylan nokatlaryna wagtynda barmaga synanyşdy, şonuň üçin awtobuslar ýolagçy gatnawyny kadaly berjaý edip bilmedi. Hususan-da, 23-nji, 33-nji, 35-nji marşrutlarda awtobuslar ýetmezçilik etdi diýip, neşir belleýär. 

Azatlyk Radiosynyň habarçylary baýramçylygyň öňüsyrasynda hem häkimiýetleriň baýram güni telewideniýede görkezmek üçin öňünden köpçülik çärelerini gurnaýandygyny habar beripdi. Býujet işgärleriniň we mekdep okuwçylarynyň mejbury gatnaşdyrylmagyndaky köpçülik çärelerinde sosial aralygy saklamak we maska geýmek ýaly düzgünler berjaý edilmändir.

COVID-19 keseliniň ýurtda ýokdugyny aýdyp gelýän Türkmenistanyň hökümeti geçen ýylyň tomsundan bäri ilaty maska dakynmaga we sosial aralygy saklamaga mejbur edýän düzgünleri ýöredýär. Polisiýa maskalary dakynmadyk raýatlary gözlemek boýunça yzygiderli reýd geçirýär we jerime salýar. 

Ýurduň welaýatlarynyň arasynda demirýol we awtoulag gatnawy çäkli bolmagynda gaýar we ilatyň ýurt içinde hereket etmegine saglyk resminamalarynyň esasynda rugsat berilýär.  

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: В Москве открылись новые выездные площадки для регистрации брака





Москва

Создание Сайтов. Создание веб сайта. Создание сайта html. Создание сайтов цена. Создание и продвижение сайтов. Создание сайта с нуля. Создание интернет сайта.


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: В Москве открылись новые выездные площадки для регистрации брака



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Сергей Шнуров

«Невероятен»: Лео Канделаки рассказал о работе с Сергеем Шнуровым




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

"Спартак" обыграл "Рубин" со счетом 3:1

Азербайджанцев оправдали за убийство спортсмена Евгения Кушнира в Самарской области. Делом заинтересовался глава Следкома РФ А. Бастрыкин

В полуфинале конкурса «Это у нас семейное» в ЦФО победили 74 семьи


ATP

Сумасшедший матч «Реала», Медведев опустился в рейтинге ATP. Главное к утру



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Москва готова оказать помощь в поиске президента Ирана Раиси



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России