Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Март
2021

Türkmenabatda Berdimuhamedowa garşy listowkalar peýda boldy, MHM olary çap eden adamlary gözleýär

0
Lebabyň administratiw merkezi Türkmenabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň işden çekilmegine çagyrýan listowkalar peýda bolandan soňra, türkmen howpsuzlyk güýçleri çap hyzmatlary bilen meşgullanýan telekeçileri we hünärmenleri sorag edýär.


Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna görä, näbelli adamlar Türkmenabatda “Gök bazaryň” hem-de ençeme söwda nokatlarynyň girelgelerine prezident Berdimuhamedowyň işden çekilmegine çagyrýan plakatlary we listowkalary asyp çykypdyr.




Bu hereket güýç edaralaryny çap hyzmatlary bilen meşgullanýan käbir adamlara garşy göreş yglan etmäge iterdi.


“Geçen anna we şenbe günleri Milli howpsuzlyk ministrligi (MHM) we polisiýa surat/wideo çap edýän telekeçileri we hünärmenleri derňedi. Olaryň ellerinden printer enjamlaryny aldylar we enjamlary ekspertiza ugratdylar, eýelerini gijesi bilen sorag etdiler” diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Habarçy häkimiýetler tarapyndan soraga çekilen ýerli ýaşaýjylaryň biri bilen gürrüňdeşlik geçirmegi başardy.


Onuň sözlerine görä, bu derňewler şäherde peýda bolan listowkalar bilen ilteşdirilýär.


“Berdimuhamedowyň işden çekilmegini talap edýän plakatlary we listleri Lebapdaky Gök bazaryň we ençeme söwda merkezleriniň girelgelerine taşlap çykypdyrlar. MHM indi ol kagyzlaryň haýsy printerde çap edilendigini gözleýär” diýip, ol aýtdy.


Çap hyzmatlary bilen meşgullanýan hünärmeniň sözlerine görä, MHM nägilelik listowkalarynyň aňyrsyndaky adamlar anyklansa, olary dessine tussag etmegi wada berýär.


Prezidente garşy asylýandygy aýdylýan listowkalar ýurtda ykdysady kynçylyklaryň dowam edýän wagtyna hem-de daşary ýurtlarda türkmenistanlylaryň arasynda raýat işjeňliginiň öňküsinden ýokarlanmagynyň yz ýanyna gabat gelýär.


Ýatladyp geçsek, geçen maýdan soňra, Türkiýede, Demirgazyk Kiprde we ABŞ-da ýaşaýan käbir türkmenistanlylar birnäçe gezek türkmen hökümetine garşy protest aksiýalaryny geçirdiler.




Türkmen prezidentine garşy listowkalar soňky ýyllarda ilkinji gezek geçen ýylyň fewral aýynda Stambulda, türkmen migrantlarynyň arasynda meşhur bolan Aksaraý etrabynda peýda boldy. 2020-nji ýylyň güýzünde bolsa şeýle listowkalar Moskwanyň dürli künjeklerinde peýda boldy.


Şu günler Berdimuhamedowy tankyt edýän listowkalaryň ýurt içinde peýda bolup başlandygy baradaky habarlaryň fonunda türkmen howpsuzlyk güýçleri maglumata gözegçiligi güýçlendirýär.


Habarçynyň maglumatlaryna görä, Türkmenabatda häkimiýetler käbir daşary ýurt kanallaryny, şol sanda “Euronews”, “Rossiýa 24”, “RBK” ýaly kanallary IPTV kanallarynyň sanawyndan aýyrdy. Kabel telewideniýesinden aýrylan kanallaryň arasynda bolsa, “Mir” habar telekanaly hem bar.


Ýöne “Rossiýa 24” we “Mir” ýaly rus kanallary türkmen hökümetini ýa-da Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy tankyt etmekde tanalmaýar.


Azatlyk Radiosy türkmen tomaşaçylarynyň “Rossiýa 24”, “RBK” we “Mir” TW kanallaryndan mahrum edilmeginiň aňyrsyndaky mümkin bolan takyk sebäpleri anyklap bilmedi.


Bu aralykda, Farap etrabynda häkimiýetler býujet işgärlerine hemra arkaly berilýän telekanallara tomaşa etmezligi, çanak antennalaryndan peýdalanmazlygy tabşyrýarlar.


Habarçynyň maglumatlaryna görä, şeýle talaplaryň aprel aýyndan başlap güýçlendiriljekdigi aýdylýar.


Türkmenabatda prezident Berdimuhamedowa garşy peýda bolan listowkalar barada Milli howpsuzlyk ministrliginiň hem-de Içeri işler ministrliginiň şäher bölümleri media serişdeleri üçin kommentariýa bermeýärler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Губернаторы России





Губернаторы России
103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России