Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Апрель
2021

Gara bazarda dollar 40 manada ýetdi

0
Gara bazarda dollar 40 manada ýetdi

Şenbe güni, 3-nji aprelde Türkmenistanda gara bazarda bir dollaryň bahasy 40 manada ýetdi. Milli puluň hümmediniň düýpgöter pese gaçmagy iki hepde töweregi wagt bäri dowam edýär. 20-nji martda dollaryň alyş-çalyş bahasy 30-31 manat aralygynda üýtgäp, şondan soň ol her gün 1 manat ýokarlanyp başlady. 1-nji aprelde dollaryň bahasy 35 manatdan geçdi, 2-nji aprelde 38,5 manatda saklandy. Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi çalyşyk bahasyny 3,5 manatlygynda saklap galýar.

3-nji aprelde Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtyň bazarlarynda dollaryň 39 manatdan geçendigini habar berdiler. Aşgabatly habarçynyň habar bermegine görä, günortan "Mir" bazarynda dollar 38 manatdan satyn alyndy, ýöne habarçy ilat arasynda "Lomaý" diýlip tanalýan "Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy" bazaryna baranynda bir dollar üçin 39 manat teklip edildi.

Bellesek, Lebap welaýatynda walýuta söwdagärleri 2-nji aprelde bir dollar üçin eýýäm 38,5 manat hödürlediler. Türkmenabatdaky habarçymyzyň habar bermegine görä, 3-nji aprelde günüň ahyryna çenli dollaryň alyş-çalyş bahasy 40 manada ýetdi.

Habarçynyň sözlerine görä, şenbe gününiň agramly böleginde walýutaçylar 1 dollara 39 manat teklip etdi, ýöne öýlän sagat 3-lerde dollar 40 manatdan bahalanýardy.

Lebap welaýatynda dollaryň alyş-çalyş bahasynyň Aşgabat ýa-da beýleki sebitler bilen deňeşdirilende adatça ýokary bolmagy Özbegistan we Owganystan bilen kontrabanda söwdasynyň bolmagy bilen baglanyşdyrylýar.

Milli puluň birden hümmetsizlenmegi, görnüşi ýaly, türkmen-eýran serhediniň uzak arakesmeden soň açylmagy bilen baglanyşyklydyr. Serhetler geçen ýyl koronawirus pandemiýasy sebäpli ýapyldy.

Manadyň dollar garşysynda hümmediniň juda peselmegi türkmen prezidentiniň milli puluň hümedini saklap galmagyň meselelerini döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary we wise-premýerler bilen ara alyp maslahatlaşmagynyň yz ýanyna gabat gelýär.

11-nji martda ykdysady meselelere bagyşlanan maslahatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “manat serişdeleri resmi alyş-çalyş bahasy boýunça daşary ýurt puluna çalşylanda kadalaşdyrjy namalaryň berjaý edilişine gözegçiligiň ähmiýetine” üns çekdi.

Türkmen manadynyň resmi kurs bilen deňeşdirilende 11 esse töweregi hümmetsizlenmeginiň esasy sebäbi ýurtda günsaýyn erbetleşýän ykdysady pese gaçyşdyr. Türkmenistan soňky birnäçe ýyl bäri ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky 2015-nji ýylyň ýanwaryndan bäri ABŞ dollarynyň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manatlygynda saklap gelýär.

Hepdäniň başlarynda Aşgabatda we Türkmenabatda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan walýuta söwdagärleri ýakyn günlerde dollaryň "gara nyrhynyň" 40 manada ýetmegine garaşylýandygyny çakladylar.

Türkmenistanda iň pes zähmet haky 870 manatdyr. Şeýlelik bilen, ýurtda iş ýüzünde resmi kurs boýunça walýuta satyn almagyň mümkin däldigi göz öňünde tutulanda, Türkmenistanda 3-nji aprelde iň pes zähmet haky tas 22 ABŞ dollaryna barabardyr.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary dollaryň bahasynyň ýokarlanmagy bilen harytlaryň, şol sanda gurluşyk önümleriniň, azyk harytlarynyň we senagat önümleriniň bahalarynyň göterilýändigini habar berýärler.

Milli manadyň hümmediniň yzygiderli pese gaçmagy bilen ilatyň satyn alyş ukyby pese gaçýar. Bu hem ýurt raýatlarynyň bazarlardaky we hususy söwda nokatlaryndaky gymmat bahalardan gaça durup, döwlet dükanlarynda arzan bahadan satylýan önümlere ýykgyn etmegine getirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин: Активно укрепляем отношения с Китаем





Москва

За прошедшую неделю подмосковные росгвардейцы обеспечили безопасность более 200 мероприятий


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин прибыл в Китай с рабочим визитом



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Дима Билан

Билан заявил, что согласен стать отцом ребенка от Лолиты Милявской




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В УФСИН России по Республике Дагестан прошли лично-командные соревнования по легкой атлетике

Красногорск первым встретил участников международного супермарафона Москва-Минск

В Лужниках состоялась церемония открытия Всероссийской Спартакиады Специальной Олимпиады


ATP

Лучший теннисист Казахстана узнал позицию в обновленном рейтинге ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

В Сергиевом Посаде состоится праздничная программа «Троицкий венок»



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России