Blinken ABŞ-nyň Ukraina 'goşmaça' harby kömek bermek meselesine seredýändigini aýtdy
![Blinken ABŞ-nyň Ukraina 'goşmaça' harby kömek bermek meselesine seredýändigini aýtdy](https://gdb.rferl.org/2cb1c4bb-e467-4ec7-a7ab-6ce69d879a01_w800_h450.jpg)
Döwlet sekretary Antoni Blinken Birleşen Ştatlaryň Ukrainanyň umumy araçägiň golaýynda rus güýçleri köpeldilenden soň soran “goşmaça” harby kömek meselesine seredýändigini aýtdy.
Kiýew ABŞ-nyň howa gorag ulgamlarynyň we mergenlere garşy tehnologiýanyň, şeýle-de “Patriot” raketalarynyň Ukrainada ýerleşdirilmegini sorady.
Blinken 6-njy maýda Ukrain paýtagtynda ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylary, şol sanda prezident Wolodymyr Zelenskiý bilen duşuşandan soň AÝ/AR-a beren interwýusynda Pentagonyň “ozal berlen örän düýpli, şol sanda Ukraina şu günki günde örän peýdaly bolup biljek kömeklerden başga, ýene näme goşmaça kömek berip boljagyna seredýändigini” aýtdy.
2014-nji ýyldan bäri, Orsýetiň Krymy anneksiýa edip, gündogardaky iki sebitde separatistlere goldaw bermegi sebäpli, Birleşen Ştatlar Ukraina 5 milliard dollar töweregi maliýe, ynsanperwer we harby kömek berdi.
Gündogar Ukrainadaky çaknyşyklarda 13,000-den gowrak adam öldürildi.