Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Май
2021
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19
20
21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Karantin zolaglarynda COVID-19-a ýolugýanlar köpelýär

0
Karantin zolaglarynda COVID-19-a ýolugýanlar köpelýär

Türkmenistanyň karantin zolaglarynda barha köp adamda koronawirus ýüze çykarylýar. Ýurtda COVID-19 aladalarynyň çäginde girizilen hereket çäklendirmeleri parahorluga ýol açýar. “Türkmenhowaýollary” pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlarynyň ýene bir tapgyryny yzyna getirmegi göz öňünde tutýar.

Mundan üç hepde ozal Türkiýeden watanyna getirilen türkmen raýatlary, hökmany 21 gün möhletiň geçendigine garamazdan, heniz hem Türkmenabadyň karantin zolagynda goýberilmän saklanýarlar. Azatlygyň habarçylary 13-nji aprelde getirilen 165 raýatyň arasyndan ýene-de iki adamda koronawirusyň ýüze çykarylandygyny anyklamagy başardylar. Ýatlatsak, mundan öň gürrüňi gidýän uçar bilen gelen raýatlaryň bäşisinde koronawirus tapylypdy, şeýle-de olaryň hataryndan biri saglyk ýagdaýlarynyň çylşyrymlaşmagy sebäpli aradan çykypdy.

“Garyndaşymyzyň Türkmenabada, ýagny Amyderýanyň çep tarapynda esaslandyrylan karantin zolagyna ýerleşdirilmeginden bäri 24 günüň geçendigine garamazdan, olar entegem öýlerine goýberilmedi. Olaryň arasyndan ýene-de iki adamda wirusyň tapylandygy sebäpli, olary ýene näbelli möhlete çenli saklamak kararyna gelnipdir” diýip, karantin zolagynda saklanýan aşgabatly bir raýatyň garyndaşlary 7-nji maýda paýtagtdaky habarçymyza gürrüň berdi.

Gepiň gerdişine ýatlatsak, 13-nji aprelde getirilen raýatlaryň bir bölegi Amyderýanyň çep kenaryndaky karantin sebitinde ýerleşdirilen bolsa, galan 50-den gowragy Türkmenabadyň Köpugurly hassahanasynda esaslandyrylan karantin zolagyna ugradylypdy. Soňky topara girýän raýatlaryň ozaldan hem saglyk meseleleri bolup, olaryň aglabasy operasiýa üçin Türkiýä gidipdiler.

Azatlyk 19-nji aprelde olaryň hataryndan bir aýal maşgalanyň, böwregindäki näsazlygyň ýitileşmegi sebäpli, aradan çykandygyny anyklamagy başarypdy. Galyberse-de, soňky aýlaryň dowamynda Türkmenabadyň karantin zolaglarynda, görnüşinden degişli medisina hemaýatynyň berilmändigi sebäpli, azyndan iki raýat onkologiýa hassalygy sebäpli ölüpdi.

Ýokarky ýagdaýlar boýunça Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden, onuň Lebapdaky edaralaryndan, şeýle-de Türkmenabadyň Köpugurly hassahanasyndan resmi kommentariýa almak başartmaýar. Ýurtda ölüm howply wirusyň ýeke ýagdaýyny hem resmi taýdan hasaba almadyk türkmen häkimiýetleri hem bular barada dymyşlygy saklaýarlar.

Bu aralykda, Türkmenistanda COVID-19 aladalarynyň arasynda halkara uçar gatnawlarynyň doly togtadylmagy bilen, welaýatara we şäherara gatnawlary boýunça girizilen wagtlaýyn çäklendirmeleriň möhleti hem 15-nji maýa çenli uzaldyldy. Bu barada, “Türkmenawtoulaglary” agentligi mälim etdi.

Şol bir wagtda, umumy gadagançylygyň arasynda, bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, hepdede birnäçe gezek uçar, otly we ýolagçy awtobus gatnawlary ýola goýuldy. Emma Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan raýatlar bu çäkli mümkinçilikleriň ilatyň gatnaw talaplaryny ödemeýändigini, soralýan dokumentleri býurokratik böwetler sebäpli wagtynda alyp bolmaýandygyny, munuň hem parahorluga ýol açýandygyny belleýärler.

“Lebapdan Aşgabada uçar biletini almak üçin, welaýatyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna gözegçilik gullugynyň binasynda koronawirus testini tabşyrmaly. Bu günler gullugyň öňünde ýüzlerçe adam test tabşyrmak üçin nobata dur. Mundan ozal bolsa, paýtagta näme sebäpden barýandygyň barada, degişlilikde saglyk edarasyndan, polisiýadan, häkimlikden ýa-da iş ýeriňden kepilnama almaly. Diňe şondan soňra, uçara bilet alyp bolýar” diýip, türkmenabatlylaryň biri 7-nji maýda habarçymyza gürrüň berdi.

Bu aralykda, Azatlygyň Türkmenabadyň aeoroportundaky çeşmesi öňümizdäki hepdäniň ortalarynda Dubaýdan ýörite uçar bilen daşarda galan türkmen raýatlarynyň ýene bir tagpgyrynyň getirilmegine taýýarlyk görülýändigini aýtdy.

Bu maglumaty garaşsyz turkmen.news neşiri hem tassyklap, Türkmenistanyň Dubaýdaky konsulhanasynyň pasportynyň möhleti geçen türkmen raýatlaryna 150 dollara Türkmenistana bilet satyn almagy teklip edýändigini habar berýär.

Türkmenistan geçen ýylyň maýynda pandemiýa sebäpli halkara uçar gatnawlaryny togtatsa-da, bu sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryny aradan diňe bäş aýyň geçmeginden soň, 2020-nji ýylyň awgustyndan başlap watanyna gaýtaryp başlady.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we resmi mediasy daşary ýurtlarda galan raýatlaryny yzyna getirmegiň tertibini we möhletlerini öňünden yglan etmeýärler, umuman, bu meseläni düýbünden agzamaýarlar.

Serhetleriň ýapylmagy bilen daşary ýurtlardan wagtynda dolanyp bilmedik türkmenistanlylar pulsuzlykdan kösenýändiklerini, türkmen wekilhanalarynyň hem hemaýat bermeýändiklerini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Москва-Пекин. Собянин в Китае подписал соглашение о сотрудничестве





Москва

За прошедшую неделю подмосковные росгвардейцы обеспечили безопасность более 200 мероприятий


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин: Активно укрепляем отношения с Китаем



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Андрей Разин

В безобразном состоянии: Андрей Разин забросил могилу своего 16-летнего сына




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В УФСИН России по Республике Дагестан прошли лично-командные соревнования по легкой атлетике

Красногорск первым встретил участников международного супермарафона Москва-Минск

В Лужниках состоялась церемония открытия Всероссийской Спартакиады Специальной Олимпиады


WTA

Самсонова выиграла турнир WTA в Хертогенбосхе



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Ефимов: Четыре логистических центра построят по программе комплексного развития территорий



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России