Üç günlük baýramcylyk ýaraşygyndan soň, Owganystandaky söweşler gaýatdan başlandy
ABŞ şu aýyň başynda Owganystandaky soňky goşunlaryny çykarmaga başlaly bäri söweşleriň ýygjamlaşan ýeri bolan Helmand welaýatynyň paýtagty Laşkar Gahyň eteginde birnäçe çaknyşyk boldy diýip, Owganystanyň harby sözçüsi we ýerli resmi aýtdy.
"Söweş şu gün irden başlandy we henizem dowam edýär" diýip, welaýat geňeşiniň başlygy Attaullah Owgan AFP habar gullugyna aýtdy. Ol talyban söweşijileriniň Laşkar Gahdaky we beýleki etraplardaky howpsuzlyk-barlag nokatlaryna hüjüm edendigini aýtdy.
Günortadaky owgan goşunynyň metbugat wekili söweşiň gaýtadan başlandygyny tassyk etdi. “Talyban” toparynyň metbugat wekili Zabihullah Mujahid "operasiýany [owgan güýçleri] başlady ... bizi günäkärlemäň" diýdi.
