Netanýahu Gaza zarbalarynyň “näçe gerek bolsa, şonça hem dowam etjekdigini” aýdýar
Netanýahu bu duýduryşy 15-nji maýda, Gaza gözegçilik edýän yslamçy topar bolan Hamazyň ýokary derejeli resmilerini we serkerdelerini nyşana alýan tapgyrlaýyn howa hüjümlerinden soň çap etdi.
“Siz ne ýeriň üstünde, ne-de astynda gizlenip bilersiňiz. Hiç kime kepillik ýok" diýip, Netanýahu aýtdy we Ysraýylyň Hamaza garşy alyp barýan kampaniýasynyň “adalatly ýa-da ahlakly kampaniýanyň ýokdugyny” belledi.
Ysraýylyň 15-nji maýda uran howa zarbalary Hamazyň bir ýokary derejeli syýasy işgäriniň öýüne gönükdirildi we Gaza şäherinde halkara habar serişdeleriniň edaralarynyň ýerleşýän beýik binasyny ýykdy.
Palestinalylar 10-njy maýda söweş başlanaly bäri Gazada azyndan 145 adamyň, şol sanda 41 çaganyň ölendigini we 1100 adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar. Ysraýyl 10 adamyň, şol sanda iki çaganyň ölendigini habar berdi.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 15-nji maýda Netanýahu we Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas bilen gürleşip, olary asudalyga çagyrdy.
