COVID-19: Britaniýa köp çäklendirmäni ýatyrýar, dünýäde 'Delta' üns artýar
Nýu-Yorkyň we Ysraýylyň saglygy saklaýyş edaralary koronawirusyň "Delta" görnüşi bilen baglanyşykly maglumatlary yzarlaýarlar. Has ýokanç ştammyň ýaýramagy bütin dünýäde aladalary artdyrýar.
Soňky maglumatlarda Nýu-Yorkda koronawirusyň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýlaryň birnäçe hepdäniň dowamynda ýokarlanandygy, Ysraýylda bolsa, Pfizer waksinasynyň berýän goragynyň peselendigi aýdylýar.
Emma bu görkezijiler bilen bir wagtda, Nýu-Yorka degişli beýleki koronawirus statistikalarynyň köpüsi peselýär.
5-nji iýulda Ysraýylyň Saglygy saklaýyş ministrligi waksinanyň ýokanç keselleriň we simptomatiki keselleriň öňüni almakdaky täsiriniň peselendigini habar berdi, ýöne onuň agyr keseliň öňüni almakda netijeliliginiň ýokarydygyny aýtdy.
Ministrlik goragyň peselmeginiň "Delta" görnüşiniň ýaýramagyna we Ysraýylda sosial aralyk çäklendirmeleriniň ýatyrylmagyna gabat gelendigini aýtdy.
COVID-19-yň "Delta" görnüşi Britaniýada agdyklyk edýär, ýöne premýer-ministr Boris Jonson Britaniýanyň koronawirus çäklendirmeleriniň köpüsini 19-njy iýuldan aýyrjakdygyny aýtdy. Jonson ýurt çäklendirmeleri ýeňilleşdirmek bilen öňe gidip biler we "adamlara özlerine karar etmäge mümkinçilik berer" diýip, 5-nji iýulda aýtdy.