ABŞ “Talybanyň” tabyn bolan owgan serkerdelerini öldürmegini 'wagşylyk' atlandyrýar
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs “Talybanyň” owgan serkerdelerini görnetin jezalandyryp öldürmegini “wagşy” hereket hökmünde häsiýetlendirdi.
Praýs 14-nji iýulda ABŞ-nyň "Talybanyň" ýesir düşýän 22 sany owgan serkerdesini atyp öldürişini görkezýän wideonyň asyl nusgadygyna şübhelenmäge hiç hili sebäbiniň ýokdugyny aýtdy.
CNN habar gullugy tassyklanandygyny aýdan wideolaryndaky gyrgynçylygyň iýun aýynda, Türkmenistan bilen serhet ýakasyndaky Farýab welaýatynyň Döwletabat şäherinde, Owganystanyň ýörite güýçlerine garşy ulanylandygyny habar berdi.
Wideoda komandirleriň şäher üstünde bolan söweşden soň boýun egýändigi görkezilýär. Şondan soň olar atylyp öldürilýär.