103news.com
World News in Turkmen
Сентябрь
2021

Häkimiýetler baýramçylygyň öňüsyra kepekli, heň ysly uny satuwa çykaryp, "azyk bolçulygyny" döretmäge synanyşýar

0
Aşgabadyň häkimiýetleri Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasy, alty aý arakesmeden soň, döwlet dükanlarynda subsidirlenen uny satuwa çykaryp, azyk bolçulygyny döretmäge synanyşýar. Şol bir wagtda, aşgabatlylar çäkli möçberde satylýan bu unuň kepeklidigini we ondan heňiň ysynyň gelýändigini aýdýarlar.


Azatlyk Radiosynyň bu barada paýtagtdan maglumat berýän habarçysy unuň mundan üç gün ozal satylyp başlanandygyny belleýär. Ýöne un çäkli möçberde satuwa çykarylýandygy sebäpli ony çem gelen wagty satyn alyp bolmaýar.


"Un günüň dowamynda bir gezek satuwa çykarylýar we 15-20 minudyň dowamynda dessine satylyp gutarýar. Üç günden bäri yzygiderli dükana gatnap, ahyry bir kilogram uny 1 manatdan almak miýesser etdi. Bir ele bir kilogramdan köp berilenok" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy 23-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.




Subsidirlenen un Magtymguly, Kemine, Baý Myrat Garryýew we Hojaw Annadurdyýew köçeleriniň ugrunda ýerleşýän 14-nji, 32-nji, 42-nji we 9-njy dükanlarda tas alty aýdan soňra ilkinji gezek satuwa çykaryldy.


Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylar unuň duýdansyz satylyp başlanmagyny türkmen häkimiýetleriniň "Garaşsyzlygyň öňýanynda azyk bolçulygyny döretmek tagallalary" diýip düşündirýärler.


Bellesek, Türkmenistan şu aýyň 25-ne Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge we 27-ne özüniň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlanýar.


Bu aralykda, habarçymyz dükan satyjylarynyň subsidirlenen unuň ýokary hillidigini öňe sürýändigini, ýöne ondan heňiň ysynyň gelýändigini hem habar berýär. Üstesine-de, bir kilogram uny eläniňde, onuň takmynan 50 gramy kepek çykýar.


"Bazarlarda daşary ýurtlardan import edilen unuň bahasy 30 esse gymmatdygy sebäpli, ykdysady kynçylyklaryň arasynda, güzeran eklenji barha ýaramazlaşýan adamlar pes hilli, heňlän, kepekli, gara, ýöne arzan una garaşly bolýarlar. Şol sebäpli bu unuň hyrydary kän" diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.




Maglumat üçin aýtsak, şäheriň bazarlarynda daşary ýurtlardan import edilen unuň bir kilogramy 25-31 manat aralygynda bahalanýar. Bu resmi kursda 7-9 dollara barabardyr.


Bu aralykda, habarçymyz döwlet dükanlarynda çöregiň irden sagat 5-de satuwa çykarylýandygyny, ýöne onuň 30-35 minudyň dowamynda satylyp gutarýandygyny hem habar berdi.


"Her bir adam bir sapar bir çörek satyn alyp bilýär" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.


Bellesek, Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda azygyň çäkli görnüşlerinden we sanyndan ybarat - towuk budy, ösümlik ýagy, şeker, un we ýumurtga ýaly - iýmit paýyna girýän önümler subsidirlenen bahadan satylýar. Ýöne soňky ýyllarda ýurtda ykdysady kynçylyklaryň has-da ýitileşmeginiň arasynda, bu önümleriň kadaly üpjünçiligi bilen bagly bökdençlikler saklanyp galýar.




Türkmen häkimiýetleri ykdysadyýetiň ösýändigini ýylyň-ýylyna tekrarlap, ykdysady kynçylyklary, azyk ýetmezçiligini, bazarlardaky gymmatçylygy boýun almaýarlar. 


Ýöne türkmen hökümeti indi ençeme ýyl bäri ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda, gyt azyk önümlerini çäkli möçberde satuwa çykarmak esasynda, azyk bolçulygyny döretmäge synanyşýar. Ýöne adatça bu "bolçulyk" baýramçylygyň yzysüre ýitirim bolýar.


Soňky hepdelerde Aşgabadyň häkimiýetleri Garaşsyzlyk gününiň öňýanynda, idegsizlikden guran agaçlary çapmak, öý haýwanlaryny tutmak we Ahal welaýatynda hasaba alnan belgili ulaglaryň hereketini çäklendirmek işlerini hem güýçlendirdiler.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин подвел итоги фестиваля «Лето в Москве. Все на улицу!»





Москва

Свыше 6,5 тысячи жителей Москвы и Московской области получили справки о статусе предпенсионера в клиентских службах регионального Отделения СФР и МФЦ


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин подвел итоги фестиваля «Лето в Москве. Все на улицу!»



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Песня

Фестиваль «Песня года» 2024 состоится в ДС «Мегаспорт» в Москве




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

На матче "ЦСКА-Динамо" родилась новая семья

На матче "ЦСКА-Динамо" родилась новая семья

На матче "ЦСКА-Динамо" родилась новая семья


WTA

Вероника Кудерметова победила Викторию Томову и пробилась в полуфинал WTA-500 в Сеуле



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Новости 24 часа

Агния Кузнецова в шоу «Вкусно с Анфисой Чеховой» рассказала, как убедила Балабанова взять на роль её однокурсника



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России