Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Ноябрь
2021

BSG wekili Türkmenistanyň öz çäginde COVID-19-yň ýokdugy baradaky öňe sürmesine şübhe bildirdi

0
Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (BSG) wekili Türkmenistanyň öz serhet çäginde koronawirusyň ýokdugy baradaky öňe sürmesine ilkinji gezek resmi ýagdaýda şübhe bildirdi. Türkmen häkimiýetleri pandemiýa başlanaly bäri, ýurtda ölüm howply ýokanjyň ýeke ýagdaýynyň hem resmi taýdan hasaba alynmandygyny aýdyp gelýär. Galyberse-de, resmi Aşgabat ýurtda wirusa ýolugýanlaryň we ondan ölýänleriň köpdügi baradaky syzyp çykýan maglumatlara hem hiç hili reaksiýa görkezmeýär.


“COVID-19 pandemiýasy eýýäm iki ýyl wagt bäri dünýäde ýaýraýar. Ylmy nukdaý nazardan Türkmenistanda wirusyň ýokdugyny göz öňüne getirmek kyn” diýip, BSG-niň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça baş ofiseri Ketrin Smollwud BBC beren interwýusynda aýtdy.


Bellesek, Smollwud 2020-nji ýylda BSG-niň Türkmenistana sapar eden toparyna ýolbaşçylyk edipdi. Şol pursat, bilermen türkmen häkimiýetlerini ýurduň çäginde koronawirus bar ýaly hereket etmäge çagyrypdy.




Žurnalistiň Smollwuddan BSG-niň indi Türkmenistan tarapyndan berilýän maglumatlaryň ygtybarly däldigini görkezýändigini aňladýarmy diýen soragyna, bilermen saglyk guramasynyň "ýurduň Halkara Saglyk Düzgünnamalaryna laýyklykda hereket edýändigine şübhe bildirmäge" ygtyýarlygynyň ýokdugyny aýtdy.


Onuň pikiriçe, BSG-niň wezipesi, "islenýän netijäni bermejek beýanatlary" etmegiň deregine, "prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyňky ýaly hökümetler bilen dialogy gurmakdan" ybarat.


Sentýabrda ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar, şol sanda “Türkmen Helsinki fondy”, “Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy” we turkmen.news garaşsyz media serişdesi BSG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň başlygy Hans Klýugeniň adyna açyk hat iberip, pandemiýanyň türkmen halkyna abandyrýan howplary, häkimiýetleriň koronawirusy erjellik bilen inkär etmegi dogrusynda aladalaryny beýan etdiler.




Öz çäginde koronawirusy boýun almazlykda tankyt edilýän Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynda eden wideo ýüzlenmesinde dünýä bileleşiginiň pandemiýa garşy göreş tagallalarynyň “ýeterlik däldigini” aýtdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Губернаторы России





Губернаторы России
103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России