Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Декабрь
2021

Orsýetiň Ýokary kazyýeti Uly terrora gatnaşanlaryň atlarynyň aýdylmazlygyny goldaýar

0
Orsýetiň Ýokary kazyýeti Uly terrora gatnaşanlaryň atlarynyň aýdylmazlygyny goldaýar

Russiýanyň Ýokary kazyýeti Uly terrorçylyga gatnaşanlaryň atlarynyň gizlin saklanmagyna ygtyýar berýän düzgünleri ykrar etdi diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň “Настоящее Время” telekanaly rus metbugatyna salgylanyp habar berýär.

“Nowaýa gazetanyň” habarçysynyň 8-nji dekabrda kazyýet zalyndan habar bermegine görä, Orsýetiň Ýokary kazyýeti RF-nyň prezidentiniň kararynda Uly terrora gatnaşan NKWD işgärleriniň, Içeri işler boýunça halk komissarlygy diýilýän ofiserleriniň atlarynyň gizlin saklanmagyna ygtyýar berýän düzgünleri kanuny diýip ykrar etdi.

Bu ýerde gürrüň rus prezidentiniň 1995-nji ýylyň 30-njy noýabrynda gol çeken №1203 karary, has anygy “Döwlet syryna degişli maglumatlaryň sanawyny tassyklamak hakynda” girizlen düzgünler barada barýar.

Bu düzgünleriniň ýatyrylmagyny taryhçy Sergeý Prudowskiý talap etdi. Ol NKWD-iň Harbin operasiýasyny - Hytaý-Gündogar demirýolunyň öňki işgärlerine garşy amala aşyran köpçülikleýin repressiýalaryny öwrenýär. Bu operasiýanyň çäginde 21 müňden gowrak adam atyldy.

2019-njy ýylda, Prudowskiniň haýyşy boýunça, 1937-nji ýylda "ýapon içalysy" hökmünde atylan Tatýana Kuligiň işi açyldy. "Nowaýa Gazetanyň" maglumatyna görä, Kulik soňra aklandy, emma onuň işini galplaşdyran adamlaryň wezipeleri, atlary “gizlin” diýen belginiň astynda galdy.

Kazylar bu gizlinligi esaslandyrmak üçin Ýokary kazyýete, prezidentiň kararyna, kontrrazwedka, garşylykly aňtaw işgärleriniň şahsy maglumatlaryny gorap saklaýan FSB-niň, Federal howpsuzlyk gullugynyň gizlin buýrugyna salgylandylar.

Prudowskiý bu kararyň düzgünlerini ýatyrtmak üçin kazyýete şikaýat etdi, sebäbi, taryhçynyň pikiriçe, bu karar gapma-garşy ýazylypdyr we NKVD işgärlerine aňtaw gullugynyň işgärleri hökmünde çemeleşmäge mümkinçilik berýär.

Emma muňa garamazdan, kazyýet işine prezidentiň wekilleri hökmünde gatnaşan FSB işgärleri kararyň düzgünleriniň ýatyrylmagynyň ýurduň goranyş ukybyna howp salýandygyny öňe sürdüler. Netijede, kazyýet aýyplanýanyň tarapyny tutdy we taryhçynyň bu düzgünleri ýatyrmak barada eden şikaýatyny ret etdi.

FSB-niň Iwanowo we Tula sebitlerindäki edaralary güýzde, “çekistleriň atlarynyň aýan edilmeginiň milli, jynsy ýa dini ýigrenji ýa-da duşmançylygy öjükdirip biljekdigini” aýdyp, Prudowskiniň 1937-1938-nji ýyllardaky NKVD arhiwini gözden geçirmegine rugsat bermedi.

Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, Orsýetde jemgyýetiň öňdebaryjy wekilleri halk hakydasynyň unudylmagyna garşy göreşýär we soňky onýyllyklarda sowet ýolbaşçylarynyň alyp baran repressiw syýasatlary netijesinde ýok edilen adamlaryň atlaryny dikeltmekde uly işleri amala aşyrdylar. 

Emma bu iş Türkmenistanda, häkimiýetleriň döreden emeli päsgelçilikleri zerarly, 1990-njy ýyllaryndan başynda haýalladyldy we, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, 1930-njy ýyllardaky repressiýalaryň pidalary, olaryň işlerini galplaşdyran adamlar jemgyýetçilige aýan edilmeli. 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: В кварталах реновации появится более 70 социальных объектов





Москва

Сергей Собянин. Главное за день


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин рассказал о строительстве соцобъектов в кварталах реновации



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Владимир Высоцкий

Литература: Почему Владимир Высоцкий всю жизнь мечтал познакомиться с Иосифом Бродским, а после встречи расплакался, как ребенок




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Рождаемость на Дальнем Востоке стала выше, чем в среднем по России

В Кузьминках обустраивают пространство для отдыха и занятий спортом

В сочинском парке «Ривьера» установили национальный рекорд по массовой медитации


Уимблдон

Тарпищев: У Рублева есть сложности со здоровьем, но он хочет сыграть на Уимблдоне



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Анна Калинская

"Стараюсь играть не хуже него": Калинская о своих отношениях с Синнером



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России