Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Декабрь
2021

Türkmenistanda 338 tussagyň günäsi geçildi

0
Türkmenistanda 338 tussagyň günäsi geçildi

Türkmenistanyň prezidenti uly baýramçylyklardan öň tussaglaryň belli bir böleginiň günäsini geçmek däbine eýerip, 10-njy dekabrda geçiren giňişleýin mejlisinde 338 tussagyň günäsini geçmek hakyndaky karara gol çekdi. Günäsi geçilen adamlaryň arasynda wyždan ýesrirleri, syýasy tussag hasaplanýan adamlaryň bardygy ýa ýokdugy belli edilmeýär.  

Bu gezek günäsi geçilen tussaglaryň günäleri, TDH-nyň maglumatyna görä, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçildi. Ýöne resmi habarda, adatça bolşy ýaly, azatlyga çykýan adamlaryň haýsy jenaýatlarda günäli tapylandygy, olaryň oturan ýa galan türme möhletleri barada hiç bir maglumat berilmeýär.

Türkmenistan dünýäde ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän ýurtlaryň hataryna girýär we, baýramçylyklara gabat geçirilýän köpçülikleýin günä geçişler aslynda, synçylaryň aýtmaklaryna görä, hyryn-dykyn doldurylan türme binalarynyň adam ýüküni ýeňletmek üçin geçirilýär.

Türkmen türmelerindäki tussag bolçulygy 1990-njy ýyllaryň başyndan başlap, ýurtdaky işsizligiň ösmegi we neşe söwdasynyň, neşekeşligiň giň ýaýramagy, korrupsiýanyň  gündelik durmuşyň zerur bir bölegine öwrülmegi netijesinde döredildi. Synçylaryň käbiri ilkinji prezidentiň bu ýagdaýy adamlary haýsam bolsa bir jenaýata itekläp, syýasatdan çeke durar ýaly etmek we öz syýasy ömrüni uzaltmak maksady bilen ulanandygyny öňe sürýär.

Resmi habarda azatlyga çykýan tussaglaryň eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelendikleri aýdylýar. Emma bu hili ökünmek we ak ýürekden toba gelmek mümkinçiligi, ýyllaryň tejribesinden görnüşine görä, halkara hukuk toparlary tarapyndan wyždan ýesirleri, syýasy tussaglar hökmünde häsiýetlendirilýän adamlara berilmeýär.

“Olary diri görkeziň” kampaniýasy golaýda türkmen türmelerinde mejbury ýagdaýda ýitirim bolan hasaplanýan adamlaryň täzelenen sanawyny çap etdi. Soňky ýyllarda bu sanawa, öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän işde günäli tapylan adamlardan başga, dini ynançlary sebäpli ýa-da türk ruhanysy Fethulla Güleniň hereketi bilen ilteşikli hasaplanyp, ‘gülençi’ diýlip ýyl kesilen onlarça adam hem girizildi.

Emma muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri türme maglumatlaryny, tussaglykdaky keselçilik, ölüm ýagdaýlaryny gizlinlikde saklamagyny dowam etdirýär, halkara jemgyýetçiliginiň tussaglaryň käbiriniň işine gaýtadan seretmek, Covid-19 hadyslary, tussaglyk möhletleri dolan bendiler bilen bagly edýän çagyryşlaryna açyk reaksiýa bildirmeýär.

Mundan başga, resmi taýdan tassykladyp bolmaýan maglumatlara görä, soňky ýyllarda ýurduň ýüz müňlerçe raýatynyň iş gözläp, daşary ýurtlara gidendigine garamazdan, Türkmenistanda türmelerdäki tussaglaryň sanynyň azalmaýandygy aýdylýar.

Ikinji tarapdan, türmeden boşan adamlaryň öňünde hem iş tapmak, täzeden jemgyýete goşulmak kynçylygy çykýar.

Prezidentiň günäsi geçilen adamlary işe ýerleşdirmek barada berýän tabşyryklaryna garamazdan, iş bazaryndaky agyr ýagdaý sebäpli, ýerli häkimler bu tabşyrygy ýerine ýetirip bilmeýär diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: Акцию «Ночь в музее» посетили порядка 350 тысяч человек





Москва

Лукашенко лоббирует интересы Алиева по изоляции Армении


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин. Главное за день



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Виктор Цой

"Перемен требуют наши сердца": ярославцы спели песню Цоя в центре




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

В столице Туркменистана - Ашхабаде открыли памятник легендарному армянскому поэту и композитору Саят-Нове

В полуфинале конкурса «Это у нас семейное» в ЦФО победили 74 семьи

Азербайджанцев оправдали за убийство спортсмена Евгения Кушнира в Самарской области. Делом заинтересовался глава Следкома РФ А. Бастрыкин


ATP

Сумасшедший матч «Реала», Медведев опустился в рейтинге ATP. Главное к утру



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Росреестр Подмосковья 22 мая ответит на вопросы людей по долевому строительству



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России