Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Çärjewde ýasama partlaýjynyň partlamasynda ölenleriň sany 4-e ýetdi; 36 adam ýaralandy

0

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda, Täze ýyl baýramçylygynda öýde ýasalan petardlaryň partlamasynda ölenleriň sany azydan dört adama ýetdi, şeýle-de ýaralananlaryň sany 30-dan aşdy. Azatlygyň Lebabyň hukuk goraýjy edaralaryndaky çeşmeleriniň beren maglumatyna görä, 31-nji dekabr gijesi bolan güýçli partlama bilen ilteşikli häzirlikçe dört adam saklandy. Öý şertlerinde öndürilen partlaýjy enjam 120 mm-lik turbanyň içinde azotda eýlenen kagyz bilen doldurylan awtoulag amortizatorynyň porşunyndan ýasalypdyr. Bellesek, Türkmenistanda zawodda öndürilýän petardlaryň, partlaýjy enjamlaryň söwdasy gadagan bolansoň, çagalar we ýetginjekler Täze ýyl baýramçylygynda patlatjak partlaýjylaryny öýde ýasaýarlar.

Täze ýyla geçilýän gije Çärjewiň Guşçular obasynyň (halk içinde bu ýer Ptisesowhoz diýlip bilinýär) 12-nji orta mekdebiň golaýynda, ýagny Täze ýyl arçasynyň bezelen sebitinde güýçli partlama ýaň saldy. Azatlygyň çeşmeleri şol pursat, öýde öndürilen enjamyň partlamasynda 14 ýaşly iki ýetginjegiň we 40 ýaşly bir adamyň heläk bolandygyny aýtdylar. 3-nji ýanwarda bu pajygaly hadysada ýene bir ýetginjegiň wepat bolandygy anyklandy.

Mundan başga-da, partlamada azyndan bir çaganyň goly goparyldy, partlaýjy paketiň gapdalynda duran uly ýaşly adamyň bolsa aýagy goparyldy. Azatlygyň ýagdaýlary öwrenen habarçysy wakada dürli derejede agyrlykda şikes alanlaryň sanynyň 36-a ýetendigini aýtdy. Ol bularyň aglabasynyň, 25-e golaýynyň çagadygyny hem saglyk resmilerine tassyklatmagy başardy. Mundan bir gün öň, 20-den gowrak adamyň, çynlakaý gyýçak ýaralary sebäpli, Lebap welaýat keselhanasyna ýerleşdirilendigi mälim boldy.

Wakanyň bolan ýerinde, görnüşinden Täze ýyly bellemek ýörite ýasalan partlaýjylar bilen bellemek üçin ýygnanan onlarça adam bardy. Öýde ýasalan partlaýjy enjamyň partlamasynyň beýle güýçli bolup biljegine hiç kim garaşmandyr.

“Partladyjy 120 mm diametrli turbanyň içini azotda eýlenen kagyz bilen doldurylan awtoulag amortizatorynyň porşunyndan ýasalypdyr. Turbanyň aşaky bölegi ýakylanda, ol agramy göterip bilmän, duran ýerinde towlanyp başlady we partlady. Turba we onuň içindäki demir bölejikleri çar tarapa, şol sanda ýygnanan onlarça adamyň üstüne sepildi” diýip, bu wakalara şaýat bolanlaryň biri howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlyk şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylarynyň söhbetdeşleriniň biri wakanyň bolan ýerine çagyrylan ýangyn söndüriji awtoulagyň pürken suwlarynyň galan yzlaryň ählisini süpürip ýok edendigini hem gürrüň berdi. "Örän kän gan bardy" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Habarçymyz bolan waka bilen baglanyşykly jenaýat işiniň gozgalandygyny, şeýle-de dört adamyň, ýagny partlaýjy enjamy ýasamakda güman edilip ýerli kebşirleýjiniň, ony ýasamaga kömek etmekde güman edilýän ýene iki adamyň we ýasama partladyjyny getirmäge hemaýat berendigi öýdülýän ýene bir şahsyň  tussag astyna alnandygyny anyklady.

Galyberse-de, bu bolan pajygaly wakadan soň dessine Çärjew töwereginiň interneti öçürildi we sebitdäki internetiň tizligi gowy haýallady. "Bu maglumatlaryň syzyp çykmagynyň öňüni almak üçin edilen iş boldy" diýip, biziň çeşmämiz aýtdy.

Türkmen häkimiýerleri we habar serişdeleri adam pidaly hadysa barada, ýurduň çäginde ýüze çykýan heläkçilikli beýleki hadysalarda hem bolşy ýaly, ilat köpçüligine häzirlikçe hiç hili maglumat bermeýärler. Azatlygyň 3-nji ýanwarda ýerli wagt bilen öýläne çenli Lebabyň degişli häkimliklerinden we kanun goraýjy edaralaryndan maglumat almak synanyşyklary hem netije bermedi.

Türkmenistanda zawodda öndürilen partlaýjy enjamlary we feýerwerkleri satmak gadagan edildi. Türkmen çagalary we ýetginjekleri her ýyl, Täze ýyl baýramçylygyndan öň, Täze ýyl baýramçylygynda partlatmak üçin öý şertlerinde öndürilen partlaýjy serişdeleri ýasaýarlar.

Türkmenistandaky mekdepler her ýyl Täze ýyl baýramçylygyndan birnäçe aý öň çagalar bilen söhbetdeşlik geçirip, olara öýde ýasalan partlaýjylaryň howpludygyny düşündirýärler we bu işe baş goşmagyň, olary ýasamagyň jogapkärçiligini duýdurýarlar.

Geçen ýyl Aşgabat şäheriniň Hitrowka obasynyň ýaşaýjylary Täze ýyl baýramçylygyny partlaýjy enjamlary partlatmak bilen bellediler.

2021-nji ýylyň iýulynda Türkmenabat şäherindäki ýaşaýyş jaýynda gaz syzmagy netijesinde bolan partlamada bir çaga öldi we 11 ýaşaýjy keselhana ýerleşdirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин сообщил об увеличении числа резидентов ОЭЗ «Технополис «Москва»





Москва

Сергей АРУТЮНОВ, Astero - Там


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин сообщил об увеличении числа резидентов ОЭЗ «Технополис «Москва»



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Марина Кравец

Звезде ТНТ Марине Кравец исполняется 40 лет




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Псковичи участвуют в окружном полуфинале конкурса «Это у нас семейное» в Москве

Сборная «Ахмат» - лидеры первого этапа Кубка класса МХ700

Чемпион России Георгий Джикия покинет "Спартак" по окончании сезона


WTA

Соболенко вышла в финал турнира WTA-1000 в Риме, в двух сетах обыграв Коллинз



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Происшествия

15 мая в системе Следственного комитета Российской Федерации отмечается 157-я годовщина со Дня образования военных следственных органов



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России