Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Harytlara "Halkyň Arkadagly zamanasy" şygary ýelmemedik telekeçiler köpçülikde ýazgarylýar​​​​​​​

0
Harytlara

Türkmenistanda 2022-nji ýyl “Halkyň Arkadagly zamanasy” atlandyrylandan soň, Lebap welaýatynyň häkimiýetleri bu şygaryň propagandasyny ýaýbaňlandyrýar. Şu günler Lebabyň salgyt we polisiýa edaralarynyň resmileri hususy eýeçilikdäki dükanlara we marketlere reýd geçirýärler. Olar telekeçilerden ýerli azyk harytlarynyň daşyna "Halkyň Arkadagly zamanasy" atly şygar ýazylan ýörite nyşanlary ýelmemegi talap edýärler.

Bu ýagdaýlar barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, salgyt we polisiýa işgärleri nyşanlar ýelmenmedik azyk harytlaryny hususy eýeçilikdäki dükan tekjelerinden aýyrýarlar.

"4x3 sm ululygyndaky nyşanlaryň ýüzünde "Halkyň Arkadagly zamanasy" diýlen ýazgy we dag üstünde atly duran telpekli adamyň suraty bar. Reýd geçiren resmiler bu nyşanlar ýelmenmedik azyk harytlarynyň hemmesini tekjelerden aýyrtdy" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran lebaply telekeçi 25-nji ýanwarda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Habarçymyz şeýle reýdleriň 24-nji ýanwarda welaýatyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherindäki "Söhbet", "Owadan", "Merw" we "Döwrebap" ýaly marketlere gurnalandygyny aýtdy. Şeýle reýdler 24-nji ýanwarda Farap etrabyndaky "Jeýhun", "Jennet", "Doganlar" we "Ykbal" marketlerine hem gurnaldy.

Habarçymyz Farapda geçirilen bu reýdlerden soňra, harytlaryň daşyna nyşanlary ýelmemedik telekeçiler bilen ýörite ýygnaklaryň geçirilendigini we olaryň adamlaryň köpçüliginiň öňünde ýazgarylandygyny hem aýtdy.

"24-nji ýanwarda sagat 20:00-da etrap häkimliginiň zalynda geçirilen ýygnakda nyşan ýelmemedik adamlar barada prezidente hyýanat edýän raýatlar ýaly gürrüň edildi. Şeýle-de, resmiler telekeçilere soňky gezek duýduryş berip, olara söwda rugsatnamalaryny ýatyrmak barada haýbat atdylar" diýip, lebaply telekeçi aýtdy.

Türkmenistanda 2022-nji ýyl Mejlisiň karary bilen, ýagny türkmen kanunçykaryjylary tarapyndan “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edildi. Soňky ençeme ýyl bäri Türkmenistanda her ýyl belli-belli şygarlar bilen garşy alynýar. Ýurtda 2019-njy ýyl “Türkmenistan – rowaçlygyň watany” ýyly, 2020-nji ýyl “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly, 2021-nji ýyl “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” yglan edilipdi. Şondan soňra ýurtda tutuş ýylyň dowamynda degişli şygaryň töwereginde wagyz-nesihat işleri ýaýbaňlandyrylypdy.

Lebapdaky habarçymyz bilen söhbetdeş bolan telekeçiler özlerinden edilýän talaplarda bir tarapdan täze şygaryň propagandasy edilýän bolsa, beýleki tarapdan käbir döwlet emeldarlarynyň bähbit gözleýändigini aýdýarlar.

"Resmiler bizi bu nyşanlaryň her birini 1 manatdan satyn almaga mejbur edýärler. Biz bu nyşany her bir harydyň ýüzüne ýelmäp çykmaly. Göräýmäge 1 manat uly pul däl ýaly, ýöne her gün her dükanda müňlerçe çüýşe süýt, gatyk ýa-da süýji we köke önümleri satylýar. Bu, tutuş welaýat boýunça alanymyzda, her hepde-de millionlarça nyşan, ýagny millionlarça manat diýmegi aňladýar. Käbir emeldarlar bu nyşanlar esasynda öz jübülerini doldurmagy maksat edinýärler" diýip, telekeçi belledi.

Şeýle-de, ol bu ýagdaýyň ilatyň jübüsine hem täsir ýetirýändigini, sebäbi nyşanlar zerarly, telekeçileriň her bir harydyň bahasyny 1 manat gymmatladandygyny hem sözüne goşdy.

"Mysal üçin, 15 manatdan satylýan gatygyň bahasy 16 manada gymmatlady" diýip, telekeçi sözüni jemledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Lebap welaýatynyň salgyt we polisiýa edaralaryndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda üstümizdäki ýyl “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylandan soňra, ýurduň köçelerindäki köne şygarlar aýryldy. Olara derek täze şygar ýerleşdirilen plakatlar asyldy. Şeýle-de, häkimiýetler prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy wagyz etmek işlerini öňküsinden hem güýçlendirdiler. 

Synçylar täze şygara Berdimuhamedowyň şahsyýet kultunyň nobatdaky gezek dabaralandyrylmagy hökmünde baha berýärler.

Türkmenistanda 2022-nji ýylyň "Halkyň Arkadagly zamanasy" yglan edilmegi ýurtda ykdysady kynçylyklaryň has-da ýitileşen, subsidirlenen azyk önümleriniň käbir görnüşleriniň ýatyrylan, bazarlarda azyk gymmatçylygynyň barha güýçlenýän we munuň bilen bagly ilatyň güzeran eklenjiniň agyrlaşýan mahalyna gabat gelýär.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: Под заселение по реновации с начала года передали 20 жилых комплексов





Москва

Компания ICDMC приняла участие в торжественном открытии выставки “Тульское качество”


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Мэр Москвы поздравил бизнесменов с Днем российского предпринимательства



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Юрий Визбор

Вечер бардовской песни, посвященный Юрию Визбору, пройдет 19 июня в Обручевском




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Аделина Панина: какие элементы фэншуй должны быть на кухне, чтобы есть и худеть

Спортивные прогнозы на OnlyBet

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о популяризации спорта


Андрей Рублёв

Абсцесс остался позади // Андрей Рублев первым из игроков топ-10 вышел во второй круг



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Ролан Гаррос

"Ролан Гаррос" стартовал в Париже



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России