Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Март
2022

Oraza aýynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda metjitler gaýtadan açylar

0
Oraza aýynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda metjitler gaýtadan açylar

Musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan Oraza aýynyň öň ýany, galyberse-de, Serdar Berdimuhamedowyň prezident wezipesini eýelemeginiň yz ýany gowşadylýan pandemiýa çäklendirmeleriniň arasynda, Türkmenistanda metjitleriň gaýtadan açylmagyna garaşylýar.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy Farap, Dänew we Darganata etraplarynyň metjitleriniň 25-nji martdan başlap açyljakdygy barada etrap ymamlaryna Türkmenistanyň müftüsiniň buýrugynyň gowşandygyny habar berýär.

Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçysy hem sebit metjitleriniň gaýtadan öz işine başlaýandygy barada habarlaryň bardygyny aýdýar.

Habarçylarymyz metjitlerde gaýtadan jemagat namazlaryna rugsat berilmeginiň Oraza aýynyň golaýlamagy bilen hem-de ýurtda pandemiýa çäklendirmeleriniň ýatyrylmagyna garaşylmagy bilen düşündirilýändigini habar berýärler.

Şol bir wagtda, pandemiýa çäklendirmeleriniň ýatyrylmagy ýurtda täze prezidentiň wezipä girişmeginiň yz ýany durmuşa geçirilýän özgertmeler hökmünde düşündirmek babatda synanyşyk edilýär.

Azatlyk Radiosynyň beýleki bir habarçysy metjitleriň gaýtadan açylmagy bilen baglylykda ýerli sosial ulgamlarda Serdar Berdimuhamedowa minnetdarlyk sözleriniň aýdylýandygyny habar berýär.

“IMO-da şeýle ýazylypdyr: Metjitleri açýany üçin Serdar Berdimuhamedow sag bolsun!” diýip, habarçymyz aýtdy.

Habarçylarymyz pandemiýa çäklendirmeleriniň gowşadylýandygyny, bazarlaryň bölekleýin açylandygyny, 1-nji aprelden başlap howa we demir ýol gatnawlarynyň hem öňki tertipde dikeldilmegine garaşylýandygyny habar berýär.

“1-nji aprelden başlap, maska režiminiň hem ýatyrylmagyna garaşylýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy bir hökümet resmisiniň sözlerini getirýär.

Türkmenistan COVID-19 keseli pandemiýa yglan edileli bäri, geçen iki ýylyň dowamynda öz çäginde hasaba alnan koronawirus keseli barada habar bermedi. Munuň bilen, Türkmenistan dünýäde Demirgazyk Koreýa bilen bir hatarda öz çäginde koronawirusy hasaba almadyk az sanly ýurtlaryň biri boldy.

Türkmenistanda häkimiýetler mundan bir ýyl ozal hem metjitleriň gaýtadan açylýandygyny yglan edipdi, ýöne geçen döwrüň dowamynda ýurduň dürli sebitlerinde adamlaryň köpçülikleýin metjitlerden kowulýan halatlary boldy.

Geçen ýylyň 1-nji aprelinde Azatlyk Radiosynyň habarçylary pandemiýa çäklendirmeleriniň arasynda musulman ybadathanalarynyň jemagata açylýandygyny habar berdiler. Ýöne geçen döwrüň dowamynda ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda Mary welaýatynda köpçülik birnäçe gezek metjitlerden kowuldy.

Türkmenistan dünýäde raýatlaryň esasy azatlyklaryny, şol sanda din-wyždan azatlygyny berk çäklendirmekde tanalýar. Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti eýýäm birnäçe ýyl bäri Türkmenistany din azatlygy boýunça aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň sanawyna girizip gelýär.

Geçen ýyl ýurtda musulman ybadathanalarynyň gaýtadan açyljakdygynyň habar berilmeginiň yz ýany, 18-nji aprelde Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy, häzirki prezident Serdar Berdimuhamedowyň atasy Mälikguly Berdimuhamedow aradan çykandan soňra, ýurduň iri metjitlerinde merhumyň hatyrasyna ýas çäreleri geçirilip, ýüzlerçe adamyň metjitlere barmagyna rugsat berildi.

Ýaňy-ýakynda hem Türkmenistanda geçirilen saýlawlaryň öň ýany ýurduň iri metjitlerinde sadaka çäreleri geçirildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynyň baş metjidinde geçirilen şeýle sadakalaryň birinde 600-700 adamyň üýşürilendigini we olara “Serdaryň saýlawlarda ýeňiş gazanmagy üçin” doga-dileg etdirilendigini habar berýär.

“Bu sadaka edara-kärhanalaryň başlyklary we telekeçiler tarapyndan guramalaşdyryldy” diýip, maryly bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Synçylara görä, Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda prezident wezipesine girişende ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan kabul edilen gadaganlyklaryň ençemesini ýatyryp, halkyň goldawyna mynasyp bolmaga çalyşdy.

Ýurt boýunça pandemiýa çäklendirmelerini gaýtadan gowşatmak meýilleri Serdar Berdimuhamedowyň prezident wezipesine girişmeginiň yz ýanyna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ilat arasynda 12-nji mart prezident saýlawlarynyň yzysüre pandemiýa çäklendirmeleriniň gowşadyljakdygy barada maglumat ýaýradylandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин назвал победителей конкурса «Педагоги года Москвы»





Москва

VK Fest 2024: Музыка и Развлечения на Открытых Площадках России


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

В Москве выбрали лучших педагогов в рамках городского конкурса — Собянин



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Вячеслав Бутусов

Маликов – до 75 тысяч, Бутусов – бесплатно: цены на концерты звезд в дни экономического форума в Петербурге




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

На ВДНХ пройдет Удмуртский национальный праздник Гербер

VK Fest 2024: Музыка и Развлечения на Открытых Площадках России

Команда Центрального округа Росгвардии стала призером на чемпионате по пожарно-спасательному спорту в Москве (видео)


Арина Соболенко

Разгром за час определил следующую соперницу Арины Соболенко на «Ролан Гаррос»



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

В мае в Москве не было новых случаев заражения штаммом коронавируса FLiRT



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России