Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Май
2022

Farda brifingi: Eýranda çöregiň bahasy ýokarlanýarka raýat tolgunyşyklarynyň ilkinji alamatlary

0
Farda brifingi: Eýranda çöregiň bahasy ýokarlanýarka raýat tolgunyşyklarynyň ilkinji alamatlary

Uly mesele

Eýran hökümetiniň import edilýän bugdaý üçin subsidiýalary ýatyrmak karary un we undan öndürilýän harytlaryň, şol sanda çöregiň, makaron we konditer önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagyna getirdi. Aşa konserwatiw prezident Ebrahim Raisiniň hökümeti tarapyndan kabul edilen bu karar giň gerimli gahar-gazap döretdi. Eýranyň ýokary lideri Ali Hameneýi bu çäreleri goldady. Beýleki aşa konserwatiwler subsidiýalary ýatyrmak kararyny tankyt etmeseler-de, azyk önümleriniň bahasyna gözegçilik edilmelidigini aýtdylar.

Raisi tankytlara köp wadalar bilen jogap berdi. Ol adaty eýran çöreginiň häzirki bahasyny saklamagy wada berdi. Şeýle-de, ol garyplaşan eýranlylaryň heniz hem subsidirlenen bahadan çörek satyn alyp biljekdigine söz berdi.

Bu näme üçin möhüm: Raisiniň nagt pul ýetmezçiligini başdan geçirýän administrasiýasy hökümetiň esasy subsidiýalaryny ýatyrmak kararyny gözden geçirdi. Ýöne bu ädim olara gymmat düşjege meňzeýär: bolaýmagy mümkin raýat tolgunyşyklary.

Çöregiň bahasy bilen bagly nägilelikleriň ilkinji alamatlary günorta-günbatar Huzestan welaýatynda ýüze çykdy. Bu ýerde häkimiýetleriň interneti kesýändigi, [adamlary] tussag edýändigi we goşmaça howpsuzlyk güýçlerini ýerleşdirýändigi barada habarlar gelip gowuşdy. Izeh şäherindäki şaýatlaryň BBC-ä beren maglumatyna görä, gozgalaň polisiýasy ýaşaýjylaryň çörek bahasynyň ýokarlanmagyna nägilelik bildirip, protest geçirmeginiň öňüni aldy. Beýleki çeşmeler 8-nji maýda welaýatda ownuk-uşak protestleriň bolandygyny habar berdiler.

Mundan ozal Eýranyň häkimiýetleri protestleri ýatyrmak üçin interneti öçürip, öldüriji güýçleri we gorkuzmalary ulanypdy. 2019-njy ýylda hökümetiň benziniň bahasyny ýokarlandyrmak baradaky duýdansyz karary Eýranyň 100-den gowrak şäherinde we şäherçelerinde nägilelik protestleriniň geçirilmegine sebäp boldy. Hökümet bu protestlere güýç bilen jogap berdi we 300-den gowrak adam öldi. Bu 1979-njy ýyldaky Yslam Rewolýusiýasyndan bäri geçirilen iň gazaply protestler boldy.

Indi näme bolar: Hökümet iki taraplaýyn strategiýany kabul etjege meňzeýär: raýat tolgunyşyklarynyň öňüni almak ýa-da basyp ýatyrmak we bahalaryň ýokarlanmagynyň eýranlylara ýetirýän täsirini azaltmak. Häkimiýetler eýýäm ilata iki aýlap nagt pul berjekdigini, soň bolsa käbirleriniň subsidirlenen bahalarda çäkli mukdarda çörek satyn almagyna mümkinçilik berýän elektron talonlary bilen üpjün ediljekdigini habar berdiler.

Çörek çykdajylary bilen baglanyşykly bolup biläýjek nägilelikler barada hökümetiň aladalarynyň alamaty hökmünde sosial ulgamlarda çap edilen, syzyp çykan hasabatda döwlet gözegçiligindäki radiostansiýanyň müdiriniň öz işgärlerine bahalaryň ýokarlanmagy barada maglumat, şol sanda diňleýjileriň hatalaryny efire bermezligi tabşyrdy.

Sypdyran bolmagyňyz ähtimal maglumatlar

Soňky günlerde birnäçe aktiwist we intellektual tussag edildi. Olaryň arasynda Tähranda ýurduň Aňtaw ministrligi tarapyndan näbelli aýyplamalar bilen tussag edilen suratçy Reihaneh Tarawati hem bar diýip, onuň maşgalasyna ýakyn bir çeşme Radio Farda, ýagny AÝ/AR-nyň Eýran gullugyna beren maglumatynda aýtdy. Tarawati 2014-nji ýylda öýünde Pharell Williamsyň “Happy” atly meşhur aýdymyna tans edip, wideo düşürenden soň hem tussag edildi. Kinorežissýorlar Firouzeh Khosrawani we Mina Keşawarz hem tussag edildi. Olaryň tussag edilmeginiň sebäbi we olara bildirilýän aýyplamalar belli däl. Feminist Twitter hasaby "Bidarzaniniň" habar bermegine görä, Khosrawani Tähranyň "Ewin" türmesine geçirilendigini habar bermek üçin maşgalasyna gysga wagtlyk jaň etmegi başarypdyr.

Eýranda hristian dinini kabul edenleri yzarlamak dowam edýär. Adam hukuklaryny gorap çykyş edýänler ýurtda bu jemgyýet üçin ýagdaýyň "erbet we aladalydygyny" aýdýarlar. Eýranyň kanunlaryna laýyklykda, musulmanlaryň hristian dinini kabul etmäge hukugy ýok. Netijede, köpler dini ynançlaryny dowam etdirmek üçin ýurtdan gaçdylar. Eýranda galanlar basyş we tussag edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Londonda ýerleşýän, Eýranda dini azatlygy goldaýan we dini azlyklaryň adyndan çykyş edýän "Article 18" guramasynyň ýyllyk hasabatynda Eýranda hristian dinini kabul edenleriň saklanmagy, tussag edilmegi ýa-da türmä basylmagy bilen baglanyşykly 120-den gowrak hadysany dokumentleşdirdi.

Biziň synlaýan zatlarymyz

Ýewropa Bileleşiginiň Eýran bilen dünýäniň kuwwatly ýurtlarynyň arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro şertnamasyny dikeltmäge gönükdirilen gepleşikleriň utgaşdyryjysy Tährana geldi. Ýadro şertnamasyny dikeltmek baradaky ylalaşygyň taslamasy hakda birnäçe aý bäri gepleşikler dowam edýär. Ýöne munuň bilen ilteşiksiz mesele - Tähranyň Waşingtondan Yslam rewolýusiýa sakçylary korpusyny, Eýranyň saýlama harby güýçlerini daşary ýurt terror guramalarynyň sanawyndan çykarmagy talap etmegi, ÝB-niň bir ýyldan gowrak wagt bäri geçirýän gepleşikleriniň netijesiz bolmagyna howp abandyrýar. Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borrell şu hepde "Financial Times" gazetine beren interwýusynda Bileleşigiň bu kynçylyklary aradan aýyrmak üçin "orta ýol" gözleýändigini aýtdy.

Bu näme üçin möhüm: ÝB-niň utgaşdyryjysy Enrique Moranyň sapary şertnamany halas etmek ugrundaky iň soňky diplomatik tagalladyr. Eger onuň sapary netijesiz bolsa, bu şertnamany dikeltmek üçin edilen tagallalaryň soňuna çykyp biler.

Eýranyň ABŞ bilen göni gepleşik geçirmekden ýüz öwürendigi naza alnanda, Mora gepleşikleri ýeňilleşdirmekde möhüm rol oýnady. Ol Waşingtona gitmezden ozal, Tährana soňky gezek mart aýynda sapar edipdi. Indi, gapma-garşylykda ylalaşyk gazanylyp bilinse, Mora möhüm rol oýnap biler. Ýöne Eýranyň ýadro öňe gidişligi sebäpli wagt çäklenýär we bu häzirki ýagdaýy durnuksyzlaşdyrýar.

 

“Farda brifingi” Eýranda esasy meseleleri yzarlaýan we olaryň näme üçin möhümdigini düşündirýän hem-de bu baradaky täzelikleri e-mail arkaly iberýän AÝ/AR-nyň täze bölümidir.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин. Главное за день





Москва

МОСКОВСКИЙ ФЕСТИВАЛЬ ПОД ФЛАГОМ РУССКИХ СУПЕРГЕРОЕВ.


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: Город привлек инвесторов для комплексного развития еще шести площадок



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Рэпер ST

Рэпер ST записал совместные песни с Долиной и Шуфутинским




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Псковичи участвуют в окружном полуфинале конкурса «Это у нас семейное» в Москве

Сборная «Ахмат» - лидеры первого этапа Кубка класса МХ700

Воробьев открыл хоккейный турнир «Кубок Юнисон» в Красногорске


ATP

Диего Шварцман: «Два чилийца в полуфинале в Риме. Шесть латиноамериканцев в топ-30. А ATP в следующем году уберет один из турниров в Южной Америке»



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Сборная «Ахмат» - лидеры первого этапа Кубка класса МХ700



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России