Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Май
2022

Ahalda öňki prezidentiň 'seýislän' atynyň heýkeli ýerleşdirilen monument gurlar

0
Ahalda öňki prezidentiň 'seýislän' atynyň heýkeli ýerleşdirilen monument gurlar

Serdar Berdimuhamedow 22-nji maýda kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ‘seýislän’ aty diýilýän Akhan atly atyň heýkeli ýerleşdirilen monumentiň taslamasyny düzmek hem-de gurmak baradakykarara gol çekdi. Ol bu netijä öňki prezidentiň eserlerini "durmuşymyzyň ähli ugurlarynda belent maksatlara ýetmekde ýolgörkeziji şamçyrag, ruhlandyryjy ylham çeşmesi" diýip häsiýetlendirenden soň geldi.

Täze at ýadygärligini gurmak sebit häkimliginiň boýnuna düşýär we, Türkmenistanyň prezidentiniň kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimligine “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşyp, bu işi şu aýda başlamak we dekabrda tamamlamak tabşyryldy.

Akhanyň heýkeliniň näme üçin we birden beýle gyssagly, hiç hili tender yglan etmezden, “Sport ýyldyzy” kärhanasy tarapyndan gurulmaly edilmeginiň anyk sebäbi düşündirilmedi.

Resmi maglumata görä, bu ýadygärlik türkmen halkynyň “milli buýsanjy bolan meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny artdyrmak maksady bilen” gurlar.

“Türkmenportal” neşiriniň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň seýislän Akhan bedewi 2018-nji ýylda 10 metr aralygy çarpaýa galyp, 4,19 sekuntda geçmegi başardy we görkezen netijesi boýunça Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan hasaba alyndy.

Şeýle-de neşir bu atyň adyna döredilen baýragyň şu ýyl ýeňiji bolan çapyksuwara gowşurylandygyny, 2017-nji ýylda Türkmenistanda geçirilen Aşgabat Aziadasynyň alawyny ýakan türgeniň hem şol bedewe atlanandygyny belleýär.

Türkmenistanda atlaryň ýurtda döredilýän şahsyýet kultunyň bir bölegine öwrülen kulty Saparmyrat Nyýazowyň prezidentlik döwründe güýçlendirilip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident bolan ýyllarynda, onuň atlar hakynda birnäçe kitap ýazmagy, her ýyl sowgat berilýän atlaryň birinde öz ‘ussatlygyny’ görkezmegi hem-de wagtal-wagtal atlar bilen ‘didarlaşmagy’ netijesinde, has giň gerime eýe boldy diýip, synçylar aýdýar.

Şeýle-de, G.Berdimuhamedow atdan ýykylyp, dünýä habar serişdelerinde, şol sanda amerikan satirikleriniň döredijiliginde ‘mynasyp’ orun aldy.

Ýöne Akhan atyndan öň Aşgabatda türkmeniň Alabaý itine dikilen ýadygärligi hem bellemek gerek. Habarlardan belli bolşy ýaly, bir tarapdan eýesiz it-pişikleriň yzygiderli we zalymlyk bilen ýok edilýän ýurdunda, ikinji tarapdan it wagzy hem alnyp barylýar we öňki prezident alabaýlary wasp etmekde hem galamyny aýamady.

Ondan öň ýurtda Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp baran syýasatynyň ýene bir elementine, welosipede ýadygärlik dikildi.

Synçylar ite, welosipede we ata dikilýän ýadygärlikleriň G.Berdimuhamedowyň özüne, at üstüne atlanan görnüşde, beýik ýadygärlik dikilenden soň adaty, ‘oýunjak’ ýaly bir zatdygyny, ýöne onuň bu ýadägrlikden öň öz atasynyň, kakasynyň heýkellerini dikdirendigini aýdýarlar.

Berdimuhamedowlardan we olara degişli zatlardan öň ýurtda Saparmyrat Nyýazowyň we onuň ýakynlarynyň heýkelleri gurulýardy. Emma olar soň ýuwaş-ýuwaş azaldyldy we, S.Nyýazowdan tapawutlylykda, G.Berdimuhamedow prezidentlikden aýrylandan soňam, jemgyýetde saklaýan orny sebäpli, bir tarapdan jemgyýetçilik işi, ikinji tarapdan kitaplary we beýleki eserleri, üçünji tarapdan heýkeller bilen özüni ýatladyp durýar.

S.Berdimuhamedowyň Türkmenistanda geçirilýän “Türkmen teatr sungaty” festiwaly mynasybetli çap eden gutlagynda aýdylmagyna görä, festiwala gatnaşýan teatrlaryň döredijilik toparlary tarapyndan täze sahnalaşdyrylan oýunlaryň esasy bölegini Gurbanguly Berdimuhamedowyň "dana paýhasyndan dörän çuňňur pelsepewi eserleriň esasynda döredilen” eserleriň tutmagy "aýratyn buýsandyryjydyr”.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: В центре «Профессии будущего» обучают 75 востребованным специальностям





Москва

В ТРЦ «Нора» прошёл квиз для музыкальных энтузиастов


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: Уникальные сервисы в центре "Профессии будущего" упрощают поиск работы



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Концерт

Тариф – Большой Концерт.




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

«Милан» сыграл вничью с «Салернитаной» в Серии А

"Спартак" и "Оренбург" сыграли вничью в заключительном матче РПЛ

ЦСКА обыграл "Урал" в заключительном матче РПЛ


Ролан Гаррос

В Париже стартует «Ролан Гаррос» открытый чемпионат Франции по теннису



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Мал, да продал: число небольших компаний-экспортеров выросло в 1,5 раза



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России