Stambulda galp resminama 'öndüren' türkmenistanlylar tussag edildi
Stambul polisiýasynyň 24-nji iýunda Aksaraý etrabynda geçiren operasiýasynda alty türkmenistanly tussag edildi, olar galp resminama ýasamakda güman edilýär diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” türk mediasyna salgylanyp habar berýär.
“Sözçü” neşiriniň maglumatyna görä, polisiýa tarapyndan saklanan adamlar kireýine alnan kwartirada galp resminamalary ýasamak bilen maşgullanypdyrlar. Olaryň ýaşaýan jaýynda geçirilen barlag wagtynda galp ýasalan 76 diplom, 63 medisina ätiýaçlandyryşy, 19 ynanç haty, 17 sany oturym rugsatnamasy, Türkmenistanda jenaýat jogapkärçiligine çekilmänidigi barada 14 güwänama we beýlekiler tapyldy.
Galp resminama ýasaýan türkmenistanlylaryň hyzmatlaryny türkmen migrantlary, esasanam Türkiýede bikanun ýaşaýan adamlar peýdalanypdyr.
Galp resminamalardan başga, kwartirada 16,450 ABŞ dollary, 17 000 ýewro, 177 gram neşe maddasy, galp möhür we Türkmenistanyň Baş konsullygynyň ştampy tapylypdyr.
Tutulanlaryň ikisi günäli tapyldy, birine administratiw jeza bellendi, üçüsi kazyýet tarapyndan boşadyldy diýip, habarda bellenýär.
Türkmen häkimiýetleri we döwlet eýeçiligindäki türkmen mediasy daşary ýurtlarda, şol sanda Türkiýede dürli jenaýatlar bilen saklanýan we iş kesilýän türkmen raýatlary barada ne maglumat, ne-de düşündiriş berýär.