Prezident oba hojalygyndaky işleriň depgininden nägile bolýar
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow birinji gün sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirip, oba hojalygyna jogap berýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň we sebit häkimleriniň hasabatlaryny diňledi.
Resmiler oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, gallaçy daýhanlar bilen geçirilýän hasaplaşyklar, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly meýdanlaryndaky ideg işleri, Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň ekilişi barada hasabat berdiler diýip, TDH habar berýär.
S. Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ideg edilişinden nägilelik bildirdi we işleriň depginini ýokarlandyrmagy talap etdi.
Şeýle-de, döwlet baştutanynyň “ekerançylygyň medeniýetini gowulandyrmak, işleriň netijeliligini gazanmak, Ýer kadastryny taýýarlamak, tohumlaryň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hasyl berýän görnüşlerini saýlamak, täzeçil tehnologiýalary ulanmak arkaly suwdan rejeli peýdalanmak” boýunça teklipleri taýýarlamak barada anyk tabşyryklary berendigi aýdylýar.
Ýatlatsak, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem, daýhanlaryň bol önüm öndürmekleri üçin ähli şertleriň döredilendigini nygtap, soňky on bäş ýylda şeýle tabşyryklary yzygiderli beripdi.
Ýerli synçylar we Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan hünärmenler Türkmenistanda alnyp barylýan oba hojalyk syýasatynyň netijeliligi peseltmese, beýgeldip bilmejekdigini öňe sürýärler.