Gazagystanyň Ýokary kazyýeti türme möhletlerini ýerine ýetiren ataly-ogly aklady
Gazagystanyň Ýokary kazyýeti Gazagystanyň Žurnalistler bileleşiginiň ozalky başlygyny we onuň ogluny, KazTag habar gullugynyň öňki baş müdirini, salgyt tölemekden gaçmak we ogurlyk aýyplamalary esasynda berlen türme möhletlerini berjaý edenlerinden birnäçe ýyl soň, doly aklady.
Ýokary kazyýet 19-njy iýulda 2016-njy ýylda paýtagt kazyýetinde Seýitkazy Mataýewe we onuň ogly Aset Mataewe iş kesilmegi we olaryň tussag edilmegi nädogry boldy, sebäbi olaryň hereketlerinde "jenaýat elementleri ýokdy" diýip, karar çykardy.
Şeýle-de, çykarylan kararda bu iki adamyň garşysyna ulanylan kazyýet ýalňyşlygy üçin kompensasiýa tölenmegine, öwez pulunyň berilmegine mynasypdygy aýdylýar.
Olaryň döwletden kompensasiýa talap edip-etmejekdigi barada häzir hiç bir maglumat ýok.
Seýitkazy we Aset Mataewler 2016-njy ýylyň fewral aýynda tussag edildi we salgyt tölemekden gaçmakda we ogurlykda aýyplanyp, degişlilikde alty we bäş ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Olaryň ikisi hem aýyplamalary ret edip, aýyplamalary syýasy maksatly diýip atlandyrdylar.