TDH prezidentiň açan täze merkezinde ýüzden gowrak iş ornunyň döredilendigini aýdýar
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji iýulda Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda gurlan täze desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
TDH-nyň maglumatyna görä, “Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi” diýlip atlandyrylan desga ýurduň sebitlerinde gurlan kuwwatly energetika desgalarynyň esasy enjamlaryny abatlamaga niýetlenip, «Çalyk Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasy tarapyndan gurlupdyr.
Merkezde ABŞ-nyň «General Eleсtriс» kompaniýasynyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyryldy, döwrebap merkeziň gurulmagy bilen, bu ýerde 120-den gowrak täze iş orny döredildi diýip, habarda aýdylýar.
Şeýle-de, açylyş dabarasyna gatnaşýanlara wideofilm görkezilip, merkeziň işi, onuň niýetlenilen ugry hem-de esasy tehniki häsiýetnamalary barada maglumat berildi, emma taslamanyň bahasy barada hiç zat aýdylmady.
Goňşy ýurtlara elektrik toguny iberýän Türkmenistanda, elektrik enjamlarynyň könelmegi we wagtynda çalşyrylyp ýa abatlanyp bilinmezligi sebäpli, ilatyň toksuz galýan wagtlary az bolmaýar.