Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Июль
2022

Maryda ýapyk jaýlarda maska dakynmak hökman edildi

0
Maryda ýapyk jaýlarda maska dakynmak hökman edildi

Türkmenistanda köpçülik ýerlerinde maska dakynmak baradaky talaplar täzeden güýçlendi. Indi binalaryň içinde maska dakynmak hökman edildi. Bu ýagdaý hususan-da, Mary welaýatynda dowam edýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, maska dakynmak talabyna ýerli ýaşaýjylar taýýarlyksyz bolupdyr. Köpler täze talap barada edaralara ýa-da söwda nokatlaryna baranlarynda bilip galypdyr.

"Köpler maska dakynmaga taýyn däldi. Adamlar maskasyz ýöremäge ýaňy öwrenişdiler, indi bolsa, dükana gelýärler we düzgün barada eşidip, öýlerine gaýdýarlar ýa-da maskany dermanhanadan satyn almaga mejbur bolýarlar"- diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy aýdýar.

Ilatdan maska dakynmak talaby tomsuň başynda türkmen hökümetiniň karary bilen gowşadylypdy. Şondan bäri maska talabynyň täzeden güýje girendigi barada resmi taýdan yglan edilmändi. Şeýle-de bolsa, iýul aýynyň başynda ýurtda koronawirusa garşy çäreleriň güýçlenendigi göze ilýär. 

8-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtyň lukmançylyk edaralarynyň içinde maska dakynmagyň zerurlygy barada habar berdi. 25-nji iýulda Azatlygyň habarçylary Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde köçelerde we köpçülik ýerlerinde dezinfeksiýa işleriniň alnyp barylýandygyny we maska režiminiň güýçlendirilendigini habar berdiler.

Indi Maryda-da birnäçe günden bäri maskasyz gelýänlere lukmançylyk edaralaryna girmek rugsat berilmeýär.

"Her binanyň girelgesinde garawullar bar. Olar adamlary maskasyz goýbermeýär" - diýip, habarçy aýtdy. Şeýle-de, onuň sözlerine görä, şäherde giňden dezinfeksiýa başlanypdyr. Bu işler binalaryň içinde, şol sanda söwda nokatlarynyň içinde alnyp barylýar. 

Dükan eýelerine sanitariýa we epidemiologiki gözegçilik hyzmatlaryndan jaýy dezinfeksiýa etmegiň zerurlygy, jaýda antiseptikleriň bolmagy barada buýruk berildi. Azatlyk bilen söhbetdeş bolan telekeçileriň aýtmagyna görä, koronawirusa garşy talaplaryň berjaý edilişine gözegçilik etmek üçin barlagçylar tas günde barýar.

Ýurtda köpçülik ýerlerinde maska dakynmak boýunça berk talaplar 2020-nji ýylyň iýulyndan 2022-nji ýylyň iýunyna çenli berjaý edildi. Düzgünleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik, düzgün bozanlary tutmak, jerime salmak üçin reýdler ýygy-ýygydan geçirildi, maskasyz tutulan adamlar mejbury zähmete, şol sanda pagta we şugundyr ýygnamak ýaly işlere çekildi. Bu ýagdaý iki ýyla golaý wagtlap dowam etdi.

Maý aýynda türkmen hökümeti maska dakynmak režimini ýatyrmak kararyny yglan etdi. Talabyň gowşamagynyň ilkinji aýynda ilatyň aglaba köplügi maska dakynmagyny dowam etdiripdi. Azatlygyň habarçylary birbada hem maska dakynanlaryň, hem-de dakynmadyklaryň köpçülikleýin jerimä sezewar edilendigini habar berdiler. Soňabaka hökümet ilaty maska dakynmagy bes etmäge ündemek üçin düşündiriş işlerini geçirmegi buýurdy.

Türkmenistanyň hökümeti maska dakynmak talabyna we beýleki öňüni alyş çärelere has köp üns berse-de, munuň sebäplerini ilata düşündirmäge howlukmaýar. Türkmenistanda güýçlendirilip, başlan häzirki çäklendirmeler koronawirusyň dünýäde ýaýramagynyň täze tolkunyna we beýleki ýurtlaryň öňüni alyş çärelerini güýçlendirip başlan pursadyna gabat geldi. Türkmenistanyň hökümeti henizem COVID-19-yň ýurtda hasaba alynmandygyny öňe sürýär.

Bu aralykda, çeşmelere görä, türkmen hökümeti 1-nji awgustda täze çäklendirmeleri girizmegi göz öňünde tutýar. Azatlygyň ýurduň saglygy saklaýyş ulgamyndaky çeşmesine görä, hökümet häzirki wagtda 1-nji awgustdan 20-nji awgust aralygynda çäklendirmeleriň girizilmegini göz öňünde tutýan anyk hereket planynyň üstünde işleýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Мэр Москвы расширил финансовую поддержку бизнес-ангелов





Москва

ПРОЕКТ ТРАМВАЙНОЙ ЛИНИИ «СЛАВЯНКА» ПРЕДСТАВЛЕН НА КОНКУРСЕ «ПРОСТРАНСТВО БУДУЩЕГО» НА ВДНХ


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин рассказал о финансовой поддержке малого и среднего бизнеса



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Элджей

Концерт Элджея требуют отменить члены «Русской общины» в Новосибирске




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Анимационной компании «ЯРКО» – 3 года!

Финал командного чемпионата ФНТР по настольному теннису пройдет в Москве

Эксперт оценила развитие района Филевский парк


Елена Рыбакина

Определилась первая соперница Рыбакиной на Ролан Гаррос



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

В школах Москвы прозвучали последние звонки — Собянин



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России