ÝHHG we CPJ 10 ýyl iş kesilen täjik žurnalistiniň derrew boşadylmagyna çagyrýar
ÝHHG-niň metbugat wekili Tereza Ribeýro täjik häkimiýetlerini tanymal žurnalist we blogçy Daleri Imomalini derrew tussaglykdan boşatmaga çagyrdy.
Öz taýýarlaýan habarlarynda sosial problemalary gozgan we wezipeli adamlaryň kemçiliklerini görkezen tanymal täjik žurnalisti we blogçysy Daleri Imomali 17-nji oktýabrda 10 ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Tereza Ribeýro 18-nji oktýabrda telegramda žurnaliste çykarylan höküme özüniň gaty geň galandygyny we munuň Täjigistanda söz azatlygyna urlan ýene bir zarba bolandygyny aýtdy. "Žurnalistika jenaýat däl" diýip, ÝHHG-niň metbugat wekili sözüniň üstüni ýetirdi.
Şeýle-de, Tereza Ribeýro Daleri Imomaliniň öz professional işjeňlikleri üçin ýazgarylandygyny nygtady.
Žurnalist Daleri Imomalä garşy çykarylan hökümi Žurnalistleri goramak komiteti (CPJ) hem ýazgardy.
CPJ-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa programmasynyň utgaşdyryjysy Gulnoza Said 18-nji oktýabrda Täjigistanyň häkimiýetlerini Daleri Imomalini we beýleki iş kesilen žurnalistleri tussaglykdan boşatmaga, garaşsyz metbugata basyş etmek üçin kazyýet ulgamyny ulanmagy bes etmäge çagyrdy.