Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Октябрь
2022

Ginnes rekordlar kitabynyň wekilleri türkmenistanlylara tälim bererler. Täze rekordlara garaşmalymy?

0

Ginness Rekordlar kitabynyň wekilleri Ahal welaýatynda gurulýan täze administratiw merkeziniň 500 hünärmeni üçin bir günlük okuw geçirmegi planlaşdyrýarlar. Ginness rekordlar kitabynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň uzak taryhy bar, ol soňky 20 ýyla golaý döwürde ýurtda şol sanda öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagyndaky onlarça rekordy hasaba aldy.

Ginness Rekordlar kitabynyň türkmenlere berjek tälimi barada Ahal welaýatynda täze merkez gurmak boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow bu ýere iş sapary wagtynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty Milli Gengeshiniň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat beripdir. Bu barada 16-njy oktýabrda Arzuw.news neşiri habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow tomsuň ortalarynda täze gurulýan şäheriň merkezi köçeleriniň birine Ginnes rekordlar kitabyna girizilen öz aty Akhanyň adyny dakmagy teklip edipdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow bolsa, täze şäherde kakasynyň atyna ýadygärlik gurmak kararyny yglan edipdi. Maý aýynda Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri türkmen hökümetiniň täze şähere öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag adyny dakmak isleýändiklerini habar beripdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2019-njy ýylda gurlup başlanan şähere resmi maglumatlara görä, 1,5 milliard dollar mukdarda döwlet puly sarp ediler. Gökdepe sebitiniň çägindäki desganyň 2022-nji ýylda gurlup gutarmagy planlaşdyrylypdy.

Bu aralykda, Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, ýurduň baş kanun çykaryjy organynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Ginnes Rekordlar kitabynyň agzalary tarapyndan bu ýerde tälim beriş çäresini geçirmek plany "Türkmenistanyň gyzyklanýan ýurtlar we abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklarynyň hil taýdan täze bir derejä ýetendigini görkezýär" diýip hasap edýär. Türkmen hünärmenleriniň, alymlarynyň we uniwersitet okuwçylarynyň bu sapaga gatnaşjagy aýdylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-2022-nji ýyllar aralygynda prezidentlik eden döwründe Ginnes rekordlar kitaby Türkmenistanda, şol sanda onuň özüniň gatnaşmagynda onlarça dürli rekordlary ýazga aldy.

Ginnes rekordlar kitabyna giren prezidentiň aty Akhan 2018-nji ýylyň tomsunda yzky aýaklarynda 10 metr aralygy çalt, ýagny за 4,19 sekundda geçipdir.

Şeýle-de 2018-nji ýylda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen tigirli ýöriş "Iň köpçülikleýin welosiped sapagy" hökmünde Ginness rekordlar kitabyna girdi. 2019-njy ýylda "Türkmenistan - gülläp ösüşiň watany" şygary bilen türkmen raýatlarynyň köpçülikleýin tigir sürüp çykmagy iň uzyn bir setirli welosiped ýörişi hökmünde Ginness rekordlar kitabyna salyndy.

Türkmenistanyň dünýä rekordlarynyň sanawynda 2016-2017-nji ýyllarda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýynça V Aziýa oýunlary üçin 5 milliard dollara gurlan Olimpiýa şäherçesinde oturdylan äpet at kellesi görnüşindäki skulptura hem bar. Bu heýkel dünýädäki iň uly at kellesi hasaplanýar.

Mundan başga-da, ilaty birnäçe ýyl bäri agyz suwunyň ýetmezçiliginden horlanýan yssy howaly Türkmenistan bezeg çüwdürimleriniň sany boýunça Ginness rekordlar kitabyna girizildi. 2010-njy ýylda Türkmenistanyň paýtagtyndaky çüwdürim toplumlarynyň biri köpçülik ýerlerindäki iň köp suw çüwdürimleriniň sany üçin rekord hasaplandy.

Türkmen aeroportlarynyň ikisi we Aşgabadyň mermer binalary hem Kitaba girizildi. 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda - 750 inedördül metrlik ýolagçy terminalynyň üçegindäki iň uly haly bezeginiň binagärlik keşbi üçin 2,3 milliard dollarlyk täze aeroport, 2013-nji ýylyň maý aýynda bolsa türkmen paýtagtynyň özi ak mermer binalaryň dykyzlygy üçin Ginness rekordlar kitabyna girdi.

2015-nji ýylda Mary şäherinde ullakan Ak öý görnüşinde gurlan konsert zaly dünýädäki iň uly ak öý hökmünde Ginness rekordy hasaplandy. Bu desgada ýene bir türkmen rekordy goýuldy. Prezidentiň "Öňe! Diňe öňe, jan watan Türkmenistan!" atly aýdymy bir wagtda 4000-den gowrak adamyň ýerine ýetirndigi üçin rekordlar kitabyna girdi.

Asyl Ginness rekord kitaby gollanma hökmünde çap edilip başlanypdy. Ilkinji gezek 1955-nji ýylda Irlandiýanyň piwo kärhanasy Ginnesiň buýrugy bilen, dürli soraglara jogap gözleýän neşir hökmünde piwo içýäner üçin çap edilipdi.

Wagtyň geçmegi bilen Kitapda türkmenleri öz içine alýan has geň we gözden çykgynç üstünlikler peýda bolup başlapdy. Synçylar Gurbanguly Berdimuhamedowyň, ykdysady we beýleki abraýly üstünlikleri gazanyp bilmese-de, öz ýurdunda haýsy-da bolsa üstünlikleriň barygyny Ginness kitaby arkaly dünýä görkezmäge synanyşýandygyny çaklaýarlar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин объявил о начале испытаний беспилотного трамвая в городских условиях и запуске виртуальной карты «Тройка»





Москва

Эксперт по семейному капиталу Светлана Петрова: «Мой путь предпринимателя был прямой, как стрела»


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин поздравил выпускников московских школ с праздником последнего звонка



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Иоганн Себастьян Бах

«Бах vs Рахманинов» из цикла Битва Клавиров под величественными сводами Петрикирхе




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Новгородские студенты стали призёрами олимпиады по анатомии в Петербурге

Эксперт оценила развитие района Филевский парк

Анимационной компании «ЯРКО» – 3 года!


Людмила Самсонова

Самсонова с «баранкой» разгромила Хаддад-Майю и вышла в полуфинал турнира в Страсбурге



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

Анимационной компании «ЯРКО» – 3 года!



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России