Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Garaşsyz neşir: Daşoguzda sadaka soraýan çagalar köpelýär

0

Daşoguz welaýatynda sadaka bermegi soraýan çagalaryň sany köpeldi. Olar bazarlaryň we hususy dükanlaryň töwereginde ýygnanýarlar diýip, garaşsyz Turkmen.news neşiri öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 2-nji noýabrda habar berdi.

"Çagalar söwda eden adamlary görseler, olar üýşüp şol adamyň ýanyna ylgaýarlar we tas şol adamlaryň sumkalaryna göz aýlaýarys diýsek hem bolar. Çagalar şol adamlardan 'çörek üçin' bir ýa-da bir ýarym manat bermegi soraýarlar. Belki olaryň maşgalalarynda çörek alar ýaly pul bardyr. Şeýle-de bolsa, olaryň gowy geýinmändigini, aýakgaplarynyň könedigini görüp, durmuş ýagdaýlarynyň ýaramazdygy sebäpli pul soraýandyklaryny aňsa bolýar" diýip, neşir öz çeşmesiniň sözlerini sitirleýär.

Neşir käbir rehimli we ýuka ýürekli adamlaryň çagalara pul berýändigini, ýöne raýatlaryň arasynda bu çagalaryň ene-atalarynyň işsizdigini aýdyp, olary maddy taýdan goldamagy degerli hasaplamaýanlaryň bardygyny hem belleýär.

"Çagalara kömek etmek isleýän başga bir kategoriýa hem bar. Ýöne ilatyň bu kategoriýasy özlerindäki her bir manady aýawly sowmaly bolýar" diýip, neşir ýazýar.

Azatlyga bu aýdylanlary özüniň sebitdäki habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatmak ýa inkär etdirmek başartmady. Ýöne habarçylarymyz soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda öýlere aýlanyp ýa-da bazarlaryň, hususy dükanlaryň töwereginde durup, dilegçilik edýän ýa-da sadaka bermegi soraýan, zir-zibil çeleklerini dörýän çagalaryň göz-görtele köpelendigini yzygiderli habar berýärler.

Habarçylarymyz muňa ýurtdaky agyr ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň, hyzmatlaryň we harytlaryň ýygy-ýygydan gymmatlamagynyň, döwlet dükanlaryndaky arzan azyk üpjünçiliginiň barha ýaramazlaşmagynyň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Geçen aý habarçylarymyz ykdysady krizisiň täsirleriniň ilat arasynda günsaýyn köp duýulýandygyny belläp, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde dilegçileriň sanynyň göz-görtele artandygyny, çagalaryň arasynda ogurlyk hadysalarynyň hem köpelendigini habar berdiler.

Habarçylarymyz ogurlyk hadysalaryna esasan şäheriň hususy dükanlarynda we bazarlarynda duş gelse bolýandygyny aýdyp, çagalaryň köplenç azyk önümlerini ogurlaýandygyny bellediler.

Şonda bazarlarda we dükanlarda söwda edýän telekeçiler ogurlyk hadysalarynyň köpelmegine soňky aýlarda polisiýa işgärleriniň dilegçilere garşy göreşi güýçlendirmeginiň belli-bir derejede sebäp bolandygyny hem aýtdylar.

Bu habardan bir hepde çemesi öň, Aşgabatdaky habarçylarymyz paýtagtda plastik we karton ýaly galyndylaryň kabul edilmeginiň bes edilendigini habar beripdiler. Bi kilogramy 5 manada tabşyrylyp, gaýtadan işlenilýän galyndylar köp hojalygyň, şol sanda çaganyň ýeke-täk girdeji çeşmesi bolup durýardy.

Türkmen hökümeti ykdysady kynçylyklary we ilat arasynda barha köp göze ilýän garyplygy ykrar etmeýär. Häkimiýetler ýurtdaky işsizleriň we döwletiň maddy kömegine mätäç maşgalalaryň anyk sanyny hem äşgär etmeýärler.

Muňa derek, häkimiýetler adamlaryň dilegçilik etmeginiň, sadaka soramagynyň we zir-zibilleri dörmeginiň öňüni almak boýunça alyp barýan işlerini güýçlendirýärler. Häkimiýetleriň bu çäresi ýakynda bellenen Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda has-da batlandy. Şonda bu raýatlar zor bilen bazarlaryň we dükanlaryň töwereginden kowuldy, käbirleri wagtlaýyn tussag edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: Проект "Активный гражданин" помогает делать Москву лучше





Москва

В РМАТ ПРОШЕЛ I БИЗНЕС-ФОРУМ ВЫПУСКНИКОВ РМАТ 1999-2023 ГОДА ВЫПУСКА, ПОСВЯЩЕННЫЙ 55-ЛЕТНЕМУ ЮБИЛЕЮ АКАДЕМИИ


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин объявил о запуске масштабного фестиваля "Лето в Москве. Все на улицу!"



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Баста

Редакция АН «Между строк» разыгрывает 2 билета на Басту и ещё 8 сертификатов среди подписчиков своего Telegram-канала




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

«Молитесь, друзья»: сын олимпийского чемпиона Ивана Стретовича погиб во время родов в Новосибирске

Олимпийский чемпион Роман Костомаров поздравил победителей номинации «Экскурсия без границ» программы «Лига Экскурсоводов»

Курсант Пермского военного института Росгвардии принял участие в финале интеллектуальной олимпиады Приволжского федерального округа


Арина Соболенко

Арина Соболенко сняла траур по Кольцову и завела новые романтические отношения



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

С любовью к Родине: на Международной выставке-форуме “Россия” назвали имена лучших экскурсоводов-волонтеров



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России