Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Şugundyr eken daýhanlar: Oba resmileri ne dökün, ne suw, ne-de tehnika üpjünçiligine ýardam edýär

0
Şugundyr eken daýhanlar: Oba resmileri ne dökün, ne suw, ne-de tehnika üpjünçiligine ýardam edýär

Şu günler Balkan welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamaga girişýän ýerli daýhanlar el güýjüniň we hasyl daşaýjy tehnikalaryň ýetmezçilik edýändigini aýdyp, oba hojalyk resmileriniň bu meselelere "geleňsizliginden" şikaýat edýärler.

“Resmiler diňe harmanda taýyn bolup, olar [möwsümleýin oba hojalyk işleriniň dowamynda] daýhanlaryň ne dökün, ne suw, ne-de tehnika problemalaryna ýardam berýärler” diýip, balkanly daýhanlar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Balkan welaýatynda döwlet tabşyrygy boýunça 3 müň gektar meýdana gant şugundyryny eken daýhanlar 24 müň tonna şugundyr hasylyny ýygnap almagy meýilleşdirýärler.

Ýöne welaýatyň Bereket we Magtymguly etraplarynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan daýhanlar tomus aýlarynda sebitde şugundyr ekilen meýdanlaryň tas üçden bir böleginde gurakçylyk zerarly ekinleriň sökülip, gaýtadan ekilendigini aýdýarlar.

Ýerli daýhanlar hasyl möwsüminde özleriniň el güýjüne we hasyl daşaýjy tehnikalara mätäçlik çekýändiklerini aýdýarlar.

“Gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak üçin zerur bolan el güýji we tehnika ýetmezçiligi ýaly meseleler ýetişen hasylyň ýene bir böleginiň zaýa bolmagyna sebäp bolýar” diýip, daýhanlar aýdýarlar.

Bereket etrabynyň kärendeçileri ýetişdirilen hasyly öz wagtynda ýygnap almak üçin zerur bolan ýardamlar boýunça oba resmilerine dürli haýyşlar bilen ýüz tutýandyklaryny, ýöne bu haýyşlaryň netijesiz tamamlanýandygyny aýdýarlar.

“Oba hojalyk resmileri daýhanlara gerek wagtynda tapdyrmaýarlar” diýip, ýerli daýhanlar aýdýarlar.

Olar daýhan birleşikleriň hasabynda duran traktorlaryň azlyk edýändigini, bar bolan tehnikalaryň bolsa ekinleriň hatarara bejergi işlerine, ýa-da dökün, derman sepmek işerine ýaramaýandygyny aýdýarlar.

Resmi sanlara görä, şu ýyl Bereket etrabynda müň gektar; Serdar etrabynda 1600 gektar; Etrek, Esenguly we Magtymguly etraplarynyň hersinde 100 gektar çemesi ekerançylyk ýerleri şugundyr üçin bölünip berildi.

Ýurduň Mary we Balkan welaýatlarynda döwlet tabşyrygy boýunça gant şugundyryny ekmek üçin ýörite ýerler bölünip berilýär. Türkmenistanyň prezidenti her ýyl ýurtda gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmek baradaky ýörite karara gol çekýär.

“Daýhanlar gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almakda uly kynçylyklara sezewar bolýarlar” diýip, balkanly daýhanlar Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy. Olar özleriniň üpjünçilik meseleleri bilen bagly oba hojalyk resmileriniň ýardamlaryna mätäç galýandyklaryny gaýtalaýarlar.

Bu aralykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýaňy-ýakynda kanun çykaryjylar we welaýat häkimleri bilen geçiren ýygnagynda ýurtda “henizem ýeriň hakyky eýesiniň tapylmaýandygyny, ýeriň hakyky eýesi tapylanda, oňa başlygyň hem, ýolbaşçylaryň görkezmeleriniň hem, ýolbaşçylaryň hem gerek bolmaýandygyny, sebäbi ýeriň hakyky eýesiniň öz etmeli işini bilýändigini” aýtdy.

Ýöne Balkanda şugundyr ösdürip ýetişdiren daýhanlar suw, dökün we tehnika üpjünçiligini çözmek üçin oba ýolbaşçylarynyň ýardamlarynyň zerur bolup durýandygyny aýdýarlar.

“Bir gektar meýdanyň hatar aralaryny ýumşatmak üçin, birinjilik bilen, daýhanlar etrabyň oba hyzmat kärhanasyna arza ýazmaly, ikinjiden töleg geçirmeli, üçünjiden, nobata ýazylyp, oba hojalyk tehnikalarynyň öz ýerlerine gelerine garaşmaly” diýip, balkanly daýhanlar Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Ýerli daýhanlaryň ösdürip ýetişdiren şugundyr hasyly Mary welaýatyndaky şeker zawodynyň, “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň kabul ediş nokatlaryna tabşyrylýar.

Öňki ýyllarda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda hem şeker zawodyny gurmak göz öňünde tutulýardy, ýöne bu zawodyň gurluşygy heniz tamamlanmady.

Balkanda şugundyr ösdürip ýetişdirýän daýhanlar öňki ýyllarda Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeşliklerde ýetişdirilen hasyly ýüzlerçe kilometr ýol geçip, Balkan welaýatyndan Mary welaýatyna daşamagyň kynçylyklary barada hem gürrüň berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал о мерах поддержки предпринимательства в Москве





Москва

РОССИЯ И КИТАЙ: В МИРЕ ВОЗМОЖНА ГЕГЕМОНИЯ ЛИШЬ ИНТЕРЕСА НАРОДА, ЗАКОНА, ИСТИНЫ И СПРАВЕДЛИВОСТИ.


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

К 2025 году в "Рудневе" планируется создать свыше 6 тысяч рабочих мест — Собянин



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Булат Окуджава

Скульптура в честь Булата Окуджавы появилась в Нижнем Тагиле




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Кто создает «креативный код» страны?

Юные шахматисты Союза армян Чувашии посвятили турнир Году семьи и Дню защиты детей

Люберчане стали серебряными призерами всероссийского турнира «Быстрый прорыв»


WTA

Первая ракетка Казахстана вышла в финал турнира WTA в Италии



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Моргенштерн

Лейбл Алишера Моргенштерна* меняет имидж: от Bugatti Music к новому звучанию



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России