Tanzaniýada ýykylan ýolagçy uçarynda azyndan 19 adam öldi
Tanzaniýada bolan uçar heläkçiliginde azyndan on dokuz adam heläk boldy.
“Tanzania Business Insight” neşiriniň habaryna görä, “Precision Air” awiakompaniýasynyň ýurduň paýtagty Dar es Salaamdan Bukoba şäherine uçan ýerli uçary Wiktoriýa kölüne gaçdy.
Uçar heläkçiliginiň mümkin bolan sebäpleri belli däl. Deslapky maglumatlara görä, howa şertleriniň ýaramaz bolmagy sebäpli, ekipažyň dolandyryşa erkini ýitiren bolmagynyň ähtimaldygy çak edilýär.
Uçarda dört ekipaž agzasy bilen birlikde 53 adam bar eken. Tanzaniýanyň häkimiýetleri häzir gözleg we halas ediş işlerini alyp barýarlar. 26 adamyň diri galandygy habar berildi.