Türkmen prezidenti ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisini kabul etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi Donald Luny kabul etdi diýip, TDH 7-nji noýabrda habar berdi.
Myhman ABŞ-nyň netijelilik, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini tassyklady, Serdar Berdimuhamedow däp bolan dostlukly türkmen-amerikan dialogyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi bermegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige şatdygyny aýtdy diýip, habarda bellenýär.
Şeýle-de, söhbetdeşligiň dowamynda şu ýyl Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolandygy, gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde, “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ähmiýetli orny aýratyn bellenildi.
Bu geňeş bilelikdäki forumlary, sergileri, duşuşyklary we beýleki ugurdaş çäreleri geçirmäge işjeň gatnaşýar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.
“Biznes Türkmenistan” neşiriniň bir gün ozal beren habaryna görä, ABŞ Merkezi Aziýa ýurtlary üçin iki sany täze maksatnama yglan edip, olaryň birine 25 million dollar möçberinde serişde gönükdiriler.
Neşir bu maksatnamanyň maksadynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýokary zähmet hakly iş orunlaryny döretmek we ýerli harytlaryň halkara bazarlaryna eksport edilmegine ýardam bermekden ybaratdygyny belleýär.
Donald Lu 16,5 million dollarlyk ikinji maksatnamanyň sebitde azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýdypdyr.
Donald Lu ABŞ-nyň USAID-iň we beýleki hyzmatdaşlarynyň üsti bilen Türkmenistanyň hususy pudagyna ýylda 7 million ABŞ dollary möçberinde goldaw berýändigini aýtdy.
Onuň bazar güni Aşgabatda guralan metbugat ýygnagynda aýtmagyna görä, "Türkmenistan Merkezi Aziýada durnuklylyk adasy bolup durýar".