Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Lebabyň häkimiýetleri hojalyk jaýlaryndaky gaz peçleri barlamak işlerini batlandyrdy

0
Lebabyň häkimiýetleri hojalyk jaýlaryndaky gaz peçleri barlamak işlerini batlandyrdy

Lebap welaýatynda howanyň günsaýyn sowaýan şu günlerinde sebitiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri hojalyk jaýlaryna aýlanyp, ýangyn döredip biljek enjamlary barlamak işlerini güýçlendirdiler. Olar esasan hem gaz peçleriň talaba laýyk oturdylandygyny ýa oturdylmandygyny barlaýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

"Welaýatyň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri Türkmenabat şäherindäki hojalyk jaýlaryna ýekeme-ýeke aýlanýarlar. Olar jaýlarda oturdylan, demirden ýasalan peçleriň gaz ýanýan ýeri we tüsse çykarýan turbasy öýüň içinde bolsa, onda ýaşaýjylara üç gün möhlet berip, näsazlyklary düzetmegi talap edýärler" diýip, türkmenabatly ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýaşaýjylar peçleriň gaz ýanýan bölegini we tüsse çykarýan turbasyny üç günüň dowamynda jaýyň daşynda oturtmasa, onda olara 600-700 manat möçberinde jerime salynjakdygy hem duýduryldy.

"Adamlaryň ellerine ýazmaça duýduryşlar hem gowşuryldy" diýip, ýaşaýjy belledi.

Ýaşaýjylardan edilýän ýene bir talap peçleriň gaz ýanýan bölegi bilen baglanyşykly bolup, ýangyn howpsuzlygy işgärleri olaryň diňe zawodda öndürilen görnüşini tassyklaýarlar we ulanylmagyna rugsat berýärler.

"Peçleriň gaz ýanýan bölegi zawodda öndürilen bolsa, onda duýdansyz gaz kesilende, onuň öz krany gaz gelýän akymyny ýapýar. Bu talap ýaşaýjylaryň howpsuzlygy üçin zerur" diýip, şäheriň ýangyn howpsuzlygy gullugynyň bir işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Şol bir wagtda, habarçymyz ykdysady kynçylyklar we giň ýaýran işsizlik sebäpli gurpdan düşen köp maşgalanyň peçleriň gaz ýanýan böleginiň ýasama görnüşini satyn alýandygyny belleýär.

"Peçleriň gaz ýanýan bölegi zawodda öndürilen bolsa 400-500 manat bahalanýar. Bularyň ýasamalary, ýagny öýlerde ýasalan görnüşi bolsa 100-150 manatdan satylýar. Garyp halk howply bolsa-da, bialaç arzanyny satyn alýar" diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada welaýatyň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölümi bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmen hökümeti her ýylyň sentýabr we oktýabr aýlarynda güýz-gyş ýyladyş möwsümine taýýarlyk işini birnäçe gezek maslahat edýär. Bu maslahatlaryň yzysüre, ýurduň köp gatly we hojalyk jaýlaryndaky ýyladyş ulgamlarynyň talaba laýyk işleýşini barlamak işleri güýçlenýär.

Muňa garamazdan, Azatlyk her ýyl güýz-gyş möwsüminde ýurduň paýtagtynda we sebitlerde ýerleşýän durmuş desgalarynyň ýyladyş ulgamlarynda emele gelýän bökdençlikler barada yzygiderli habar berýär.

Üstesine-de, geçen aýyň ahyrynda Azatlyk bilen söhbetdeş bolan maryly ýaşaýjylaryň ençemesi ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň barlaglary ilatdan para almagyň ýene bir guralyna öwürýändigini gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet metbugaty ilatyň ýyladyş bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, ýyladyş ulgamlarynda ýüze çykýan näsazlyklar, munuň bilen bagly geçirilýän barlaglar barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: В Москве открылись новые выездные площадки для регистрации брака





Москва

В столице Туркменистана - Ашхабаде открыли памятник легендарному армянскому поэту и композитору Саят-Нове


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин. Главное за день



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Бато Багдаев

Бурятский театр «Ульгэр» показал на выставке «Театральная весна» кукольный постановку: Россия, Дети, нацпроект Культура




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

"Спартак" обыграл "Рубин" в последнем матче Джикии

Азербайджанцев оправдали за убийство спортсмена Евгения Кушнира в Самарской области. Делом заинтересовался глава Следкома РФ А. Бастрыкин

В столице Туркменистана - Ашхабаде открыли памятник легендарному армянскому поэту и композитору Саят-Нове


WTA

Первая ракетка Казахстана вышла в финал турнира WTA в Италии



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

"Спартак" обыграл "Рубин" со счетом 3:1



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России