Gyrgyz deputatlary prezidenti “Kempirabad işinde” tussag edilen aýallary boşatmaga çagyrdy
Žogorku Keneşiň 20-ä golaý deputaty prezident Sadyr Žaparowa "Kempirabad" diýlip atlandyrylýan işiň çäginde tussag edilen aýallary boşatmak haýyşy bilen ýüz tutdy diýip, parlament agzasy Dastan Bekeşew Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugyna habar berdi.
Deputatlaryň ýüzlenmesinde nygtalmagyna görä, aýallar Gyrgyzystanyň medeniýetinde aýratyn taryhy rol oýnaýar we tussaglykda saklanýan aktiwistler ýurduň ösüşine möhüm goşant goşan adamlar bolup durýar.
"Ynsanperwerlige şahsy gatnaşygyňyzy görkezmegiňizi we degişli ýolbaşçylardan ozal kabul edilen kararlara täzeden garamagy, beýleki adamlar bilen bilelikde tussag edilen aýallar babatda görlen öňüni alyş çäreleriniň üýtgedilmegini talap etmegiňizi soraýarys” diýip, deputatlar ýazýar.
Haýyşa gol çekenleriň biri, deputat Dastan Bekeşew “Azattyk” radiosy bilen söhbetdeşlikde hukuk goraýjy edaralaryň şu wagta çenli Kempirabad suw howdanyny goramak komitetiniň tussag edilen agzalarynyň günälerini görkezýän subutnamalary hem öňe sürmändigini aýtdy.
Oktýabr aýynda Bişkekde bir topar syýasatçy we aktiwist tussag edildi. Olar köpçülikleýin bidüzgünçilikleri guramaga taýýarlyk görmekde aýyplandy.
Bişkek kazyýeti olary iki aý tussaglykda saklamaly etdi. Bu iş boýunça jemi 26 adam tussag edildi.