Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Mary häzirki ýa-da öňki prezidentiň saparyna taýýarlanýar

0
Mary häzirki ýa-da öňki prezidentiň saparyna taýýarlanýar

11-nji noýabrda Mary welaýatynda giň gerimli arassaçylyk işleri geçirilip başlandy we köçelere gözegçilik güýçlendi. Ýaşaýjylara we telekeçilere ot ýakmazlyk berk tabşyryldy. Bu talabyň berjaý edilşine gözegçilik etmek üçin geňeşlikleriň tas ählisinde ýörite howpsuzlyk işgärleri ýerleşdirildi. Şeýle-de, ak we kümüşsöw reňklerinden başga reňkdäki ulaglaryň köçä çykmagyna dilden gadagançylyk girizildi. Bular prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýa-da onuň kakasy Gurbangulynyň sebite amal etmegi mümkin saparyna görülýän taýýarlykaryň çäginde geçirilýär.

"Daňdan köçeler ýuwulyp, ähli edara-kärhanalarda arassaçylyk işleri geçirilip başlandy. Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleriniň köçeleri arassalamakdan ýaňa gözleri açylmaýar. Dik uçardan seredeniňde göze ilýän kärende ýerleriň, ekin meýdanlarynyň haşal otlary hem çapylýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň üçekleri köne bolsa, ony çalşyp täzelemegiň deregine, ýaşyl reňke boýaýarlar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz aýtdy.

Maryly býujet işgärleriniň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, her kärhanadan, işgär sanyna görä, 5-10 adamyň köpçülikleýin çärelere gatnaşmalydygy barada edara ýolbaşçylaryna tabşyryklar hem gelip gowuşdy.

Welaýat ýaşaýjylaryna we telekeçilere, şol sanda kafeleriň, restoranlaryň eýelerine duşenbe gününe çenli ot ýakyp, tüsse çykarmazlyk berk tabşyryldy.

"Geňeşlikleriň her birinde ýörite howpsuzlyk işgärleri ýerleşdirildi. Olar ýaşaýjylaryň ot ýakmazlygyna gözegçilik edýärler" diýip, çeşmämiz belledi.

Bu başagaýlyklar, habarçymyzyň maglumatyna görä, döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedowyň ýa-da öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýata etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşykly.

"Häzir anyk kimiň we haçan geljekdigi belli däl. Ýöne Berdimuhamedowlaryň biriniň Ýolöten etrabynda täze gaz edarasynyň düýbüni tutmana gelýändigi aýdylýar" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Bu sapar we oňa görülýän taýýarlyklar barada, adatça bolşy ýaly, ne türkmen häkimiýetleri, ne-de media serişdeleri habar berýärler. Şol sebäpli bu saparyň amala aşjakdygy ýa aşmajakdygy, şeýle-de anyk kimiň ýa kimleriň sebite geljekdigi soňky pursada çenli nämälim bolup galýar. Azatlyk bu barada welaýat häkimliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa hem alyp bilmedi.

Türkmenistanda şeýle taýýarlyklar adatça döwlet baştutanynyň sebitlere etjek saparlarynyň öňüsyrasynda bolýar. Ýöne soňky aýlarda şeýle taýynlyklar Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitlere saparlarynyň öňüsyrasynda hem bolup geçýär.

Marydaky taýýarlyklar ýokarda aýdylanlar bilen çäklenmeýär. Şäherdir etraplarda ak, kümüşsöw reňklerinden başga reňkdäki ulaglar ýol polisiýasy tarapyndan saklanýar we polisiýanyň awtoduralgasyna alnyp gidilýär.

"Polisiýa ulaglary jerime duralgasyna äkidilen raýatlara 'awtoulagyňyzy almaga duşenbe güni geliň' diýýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran sakarçägeli ýaşaýjy aýtdy

Habarçymyz ýaşaýjylardan köp gatly jaýlaryň arasynda goýlan ulaglary ýol tarapdan görünmeýän ýerlerde goýmagyň talap edilýändigini hem aýdyp, raýatlaryň taýýarlyklardan juda nägiledigini belleýär.

"Bu Berdimuhamedowlardan dynmadyk. Biz tamdyrda çörek hem ýapyp bilmeýäris. Bular häzir asmanyň reňki gök däl-de, ak bolsun diýse-de, geň görjek däl. Çaltrak gelip gitseler, bizem arkaýyn gündelik durmuşymyza dolansak" diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Bu aralykda, Maryda görülýän taýýarlyklar barada garaşsyz "Turkmen.news" neşiri hem habar berýär. Neşir 11-nji noýabrda çap eden maglumatynda döwlet baştutanyň sebite sapar etmegine garaşylýandygyny, welaýatda hereketiň ep-esli çäklendirilendigini, käbir ýollaryň ýapylandygyny aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин подвел итоги Московской олимпиады школьников





Москва

В Москве произошла драка с участием 15 человек, двое в больнице


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин принял решение о расширении мер поддержки промпредприятий



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Анастасия Волочкова

Анастасия Волочкова рассказала в шоу Анфисы Чеховой на ТВ-3 о своём детстве




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Сотрудница ОМОН "Оплот" приняла участие в костромском забеге «Галичское Заозерье»

Олимпийский чемпион Роман Костомаров поздравил победителей номинации «Экскурсия без границ» программы «Лига Экскурсоводов»

«Молитесь, друзья»: сын олимпийского чемпиона Ивана Стретовича погиб во время родов в Новосибирске


ATP

Теннисист Медведев потеряет место в рейтинге ATP



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Архангельск

Архангельск впервые принял Всероссийские соревнования по танцевальному спорту



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России