Türkmenistanyň Mejlisi dolandyryş-çäk özgertmelerini amala aşyrar
Türkmen parlamentiniň aşaky palatasy Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünmesi boýunça edilen we ozal seredilip geçilen teklipleri durmuşa geçirmek kararyna geldi diýip, “Orient” habar berýär.
Hökümetçi neşir bu karara etraplaryň, şäherleriň, welaýatlaryň häkimlikleriniň haýyşlary, Ministrler kabinetiniň teklibi esasynda, ýurduň çäk gurluşyny kämilleşdirmek maksady bilen gelnendigini belleýär.
Mejlisiň aşaky palatasynyň başlygy Gülşat Mammedowanyň tassyklan kararynyň teksti şu gün ýerli metbugatda çap edilipdir.
Bu karar birnäçe dolandyryş-çäk birliginiň giňeldilmegine, beýleki birleriniň ýatyrylmagyna ýa-da hukuklarynyň üýtgedilmegine getirer.
Neşir soňky dolandyryş-çäk özgertmesiniň garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda iň uly çäk özgertmeleriniň biri bolandygyny belleýär.