Türkmenistan D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň öňüni alar
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken kararyna laýyklykda, ýurtda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023-2028-nji ýyllaryň strategiýasy hem-de ony amala aşyrmak üçin görülmeli çäreleriň toplumy tassyklanyldy.
Bu karar ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmek maksadyndan ugur alýar diýip, ýerli metbugat ýazýar.
Emma habarda D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň nämedigi, onuň sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak bilen nähili baglanyşygynyň bardygy aýdyňlaşdyrylmaýar.
Bu karar nobatdaky Hasyl toýunyň uly dabara bilen bellenen wagtyna gabat geldi. Resmi maglumata görä ýylda ýokary hasylyň alynýandygyna garamazdan, Türkmenistanda elýeterli bahadan satylýan azyk önümleri ýeterlik hasaplanmaýar.
Halkara guramalary Türkmenistanda dowam edýän azyk ýetmezçiligine ünsi çekip, ýurtda hökümetiň garyplygy inkär edýändigini, häkimiýetleriň ilatyň ykdysady taýdan ejiz gatlagynyň iýmitlenmek hukugyny üpjün edip bilmeýändigini aýdýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba-hojalyk programmasynyň sanlaryna görä, Türkmenistanda diňe 2005-2016-nji ýyllar aralygynda ilatyň açlykda ýaşaýan gatlagy 4,6% bolanlygyndan 5,5% çenli köpelipdir.
2016-njy ýylda Türkmenistanda “Azyk howpsuzlygy” hakyndaky kanunyň rejelenen görnüşi güýje girizildi. Ýöne şondan soňky ýyllarda ýurtdaky azyk gytçylygy hasam güýçlendi.
Şu aralykda Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanuny kabul etdiler. Döwlet baştutanynyň teklibine laýyklykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň esasy böleginiň durmuş maksatly ugra, ýagny bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryny, döwlet kömek pullarynyň ulgamyny, ýaşaýyş jaý, jemagat hojalygyny, umumy häsiýetli döwlet hyzmatlaryny maliýeleşdirmäge gönükdiriljekdigi aýdylýar.