Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Lebaply býujet işgärleri täze jaýlarda arassaçylyk işlerini geçirmäge mejbur edilýär

0
Lebaply býujet işgärleri täze jaýlarda arassaçylyk işlerini geçirmäge mejbur edilýär

Lebap welaýatynda býujet işgärleri mejbury pagta ýygymyna gatnaşdyrylmakdan başga-da, indi gurluşygy tamamlanan ýaşaýyş jaý toplumyny arassalamak işlerine hem çekilýärler. Şu günler welaýatyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde býujet işgärleriniň bir bölegi pagta ýygymyna iberilse, beýleki bir bölegi ýaşaýyş jaý toplumyny ulanyşa taýýarlamak işlerine gatnaşdyrylýar.

"Her edaradan 50-ä golaý işgär diňe dynç günleri däl, eýse iş günleri hem Türkmenabadyň Azatlyk etrapçasynyň ‘Arkadag’ köçesindäki, aeroporta barýan ýoluň ugrunda galdyrylan ýaşaýyş jaý toplumyna iberilýär. Bu ýere her gün 1 müňden gowrak býujet işgäri barýar" diýip, türkmenabatly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Şu aýyň başynda sebitdäki habarçymyz 1 müň 200 kwartiradan we dört gatly 40 sany ýaşaýyş jaýyndan ybarat bu toplumyň gurluşygynyň tamamlanandygyny habar berdi. Şonda ol toplumyň Lebabyň döwlete degişli gurluşyk edaralarynyň, ýagny Türkmenabadyň demirbeton kärhanasynyň, Zergeriň “Demirbetonönümleri” zawodynyň dagy gatnaşmagynda gurlandygyny hem aýdypdy.

Býujet işgärleriniň ençemesiniň Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň bermegine görä, olar bu jaýlaryň abatlanan otaglaryndaky hapalary çykaryp, zir-zibilleri toplamak işlerini amal edýärler. Şeýle-de, olar otaglaryň içini, şol sanda äpişgelerini, gapylaryny, pollaryny we girelgelerini hem ýuwýarlar.

"Erkek býujet işgärleri toplumyň töweregindäki gök-guşak zolagynda bag ekmek işlerine, şeýle-de töwerek-daşy arassalamak işlerine çekilýärler" diýip, býujet işgäri aýtdy.

Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary býujet işgärleriniň bu işlere mejbury çekilmeginiň sebäpleri barada aç-açan düşündiriş bermeýärler. Olar diňe tabşyrygy ýerine ýetirmedik işgärleriň işden çykarylmak bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny duýdurýarlar.

Býujet işgärleri bu mejbury işler üçin, adatça bolşy ýaly, özlerine goşmaça hak tölenmeýändigini, şeýle-de talaba laýyk transport serişdesi we günortanlyk nahary bilen üpjün edilmeýändiklerini aýdýarlar.

"Köp işgär bu ýere öz ulagynda barýar. Sebäbi işgär takside barsa, 20 manat gidende we 20 manat gaýdanda, her gün jemi 40 manat çykdajy etmeli bolýar. Işgärler bu ýere 6-lyk belgili awtobusda hem baryp bilýärler. Ýöne awtobus gatnawynyň çäklidigi we topluma barmaly adamlaryň sanynyň köpdügi sebäpli bu transport serişdesinden peýdalanar ýaly däl. Her awtobusa 70-den gowrak adam münýär. Adamlaryň demi-demine ýetmeýär" diýip, başga bir türkmenabatly býujet işgäri aýtdy.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, şu günler ‘Arkadag’ köçesiniň ugry işgärleriň hususy awtoulagyndan dolup, olaryň uzynlygy tas 2 kilometre çenli uzaýar.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Lebabyň we Türkmenabadyň häkimliklerinden, şeýle-de toplumyň gurluşygyny alyp barýan edaralardan hiç hili kommentariýa alyp bilmedi.

Bellesek bu, býujet işgärleriniň agzalýan toplumda mejbury işe çekilmegi bilen bagly peýda bolan ilkinji maglumat däl. Şu aýyň başynda sebitdäki habarçymyz häkimiýetleriň edara-kärhanalarda gurluşyk işlerinden başy çykýan býujetçileri toplumdaky jaýlaryň içerki timarlaýyş işlerine çekýändigini habar beripdi.

Şonda habarçymyz muňa proýekte çekilen gurluşykçylaryň bu işleri wagtynda dynyp bilmezliginiň sebäp bolandygyny, toplumy Bitaraplyk baýramyna, ýagny 12-nji dekabra çenli doly tabşyrmak ugrunda gije-gündiz gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýdypdy.

Türkmenistanda býujet işgärleri wezipe borçlaryndan başga-da, köpçülikleýin çärelere, şol sanda arassaçylyk işlerine, köçeleri süpürmäge, ýüpek gurçugyna ideg etmäge, pagta ýygymyna gatnaşmaga mejbur edilýärler.

Türkmen häkimiýetleri "ýurtda raýatlaryň ýaşamagy we zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilendigini" tekrarlap, bu aýdylanlary aç-açan boýun almaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин рассказал о ходе строительства Троицкой линии метро





Москва

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин: Обеспечим ученикам комфортные условия



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Булат Окуджава

Телеведущего Урганта исключили из концерта памяти Окуджавы "Заезжий музыкант"




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Сергей Лёвкин: в Митине завершат возведение физкультурно-оздоровительного комплекса

Искусство продвинутого анализа в спортивном прогнозировании

Никакой магии! В спортивном прогнозировании не бывает безусловных выигрышных стратегий


WTA

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Симферополь

Театр и цирк, Россия и культура, дети: Госцирк Бурятии представил новое руководство



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России