Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Täze ýyl bezegleri üçin býujet işgärlerinden pul ýygnalýar

0
Täze ýyl bezegleri üçin býujet işgärlerinden pul ýygnalýar

Şu günler Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherlerinde täze ýyl bezegleri üçin býujet işgärlerinden pul ýygnalýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary maglumat berýär.

Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda şäherlerde täze ýyl arçalary oturdylýar, köçeler bezeg çyralary bilen bezelýär.

Türkmenbaşyda Baş arça Ruhyýet köşgüniň öňünde oturdyldy. Edara-kärhanalaryň we medeniýet öýleriniň öňünde hem täze ýyl arçalary oturdyldy.

“Baş arçadan başga arçalaryň ählisi býujet işgärleriniň hasabyna bezelýär. Bank işgärleri, bilim, saglyk, senagat, şol sanda nebitgaz pudaklarynyň işgärlerinden täze ýyl bezegleri üçin hem-de özlerine gowşuryljak sowgatlar üçin 100-150 manat aralygynda pul ýygnaldy” diýip, türkmenbaşyly býujet işgärleri aýdýarlar.

Şeýle çäreler Lebabyň Türkmenabat şäherinde hem alnyp barylýar.

Administratiw merkezde ýerleşýän edara-kärhanalaryň öňünde Täze ýyl arçalaryny oturtmak işlerine ýaňy-ýakynda badalga berildi.

“Welaýatda Täze ýylyň Baş arçasy Türkmenabatdaky Ak öýüň öňünde ýerleşýän meýdançada oturdyldy” diýip, şäher ýaşaýjysy aýtdy.

Sebitiň täze ýyl arçasy iki ýyl bäri “Türkmeniň ak öýüniň” öňünde oturdylýar. Has ozalky ýyllarda, Baş arça Ruhyýet köşgüniň öňünde oturdylýardy.

Bezeg işleriniň 10-njy dekabra çenli dowam etmegine garaşylýar.

Türkmenabatda baýramçylyk bezeglerini, girlýandalary, bezeg çyralaryny we täze ýyl oýnawaçlaryny satyn almak üçin býujet işgärlerinden 30 manatdan pul ýygnalýar.

Şäher köçeleriniň ugrunda ýerleşýän arça agaçlaryny bezemek işleri edara-kärhanalara bölünip berildi.

“Meselem, Türkmenabadyň Baş kitaphanasyndan başlap, Drama teatryň öňüne çenli bolan aralykdaky gazon arçalaryna bezeg çyralaryny dakmak işleri kitaphana işgärlerine tabşyryldy. Öz gezeginde, Drama teatryň işgärleri 39-njy mekdebe çenli bolan aralygy bezärler” diýip, býujet işgärleri aýdýarlar.

Býujet işgärleri diňe bir bezeg çyralarynyň tölegleri üçin däl, eýsem, zerur bolan beýleki harajatlar üçin hem çykdajy etmeli bolýarlar.

Hazarýaka şäheriň ýaşaýjylary baş arçanyň golaýynda goýlan ot söndüriji gutular üçin, Türkmenabadyň ýaşaýjylary bolsa Täze ýyl arçasy bezelende zerur bolan tehnikalar üçin goşmaça çykdajy etmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Arçanyň depesini bezemek üçin göteriji kranlar, ýörite tehnikalar gerek. Ýörite tehnika üçin sagadyna 100 manat tölemeli. Bu puly hem işgärleri tölemeli” diýip, bir türkmenabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýöne polisiýa we häkimlik ýaly döwlet edaralary ýörite tehnikalaryň hyzmatlaryndan mugt peýdalanýarlar.

Bu aralykda, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Türkmenbaşyda pirotehnikalary we ýasama partlaýjylary ulanmazlyk barada ýaşlaryň arasynda düşündiriş işleri alnyp barylýar.

Ýatlasak, geçen ýyl Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda Täze ýyl baýramçylygynyň dowamynda öý şertlerinde ýasalan petardlaryň, ýasama partlaýjylaryň ýarylmagy netijesinde ýüze çykan heläkçilikde adam ýitgileri bolupdy.

“Ýasama partlaýjylary [petardlary] ýasap satýan adamlar olaryň howpsuzlygyna kepil geçip bilmeýärler. Bu önümleriň daşary döwletlerde ýörite kärhanalarda işlenilip çykarylan görnüşlerini Türkmenistana getirmek gadagan” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Пожарной охране Москвы исполнилось 220 лет — Сергей Собянин





Москва

Книжные новинки, лаборатория текста и иллюстраций — ждут гостей Московского детского фестиваля искусств «НЕБО»


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: Более трех миллионов человек посетили фестиваль «Москва на волне. Рыбная неделя»



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Элвис Пресли

Дом Элвиса Пресли атаковали аферисты




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

VK Fest 2024: Музыка и Развлечения на Открытых Площадках России

Больше всего работников с креативными идеями работает в ритейле и спорте

Представители KAMA TYRES приняли участие в 57-й легкоатлетической эстафете


Сюзанн Ленглен

Матч Котова и Вавринки перенесли на корт Сюзанн Ленглен



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России