Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Dollaryň gara bazar nyrhy durnuksyz, harytlar gymmatlaýar

0

Amerikan dollarynyň gara bazardaky bahasy uýtgäp durýar. Geçen hepdede 15.5 manada çenli arzanlan dollar ýene 19 manada çenli gymmatlady. Bu ýagdaýda harytlaryň nyrhy hem göterildi.

5-nji dekabrda Balkan welaýatynda bir amerikan dollarynyň bahasy gara bazarda 19 manada çenli ýokarlandy. Şeýlelikde, geçen hepde esli arzanlan dollar​ gaýtadan 20% gymmatlady we bir hepde mundan ozalky derejesine ýetdi.

"Bu, adamlara gymmada düşdi, halky ýalaňaç goýdy. Adamlary ähli süýşüren walýutalaryny 15.50 manatdan satmaga mejbur etdi" diýip, Azatlyk bilen anonim gürleşen balkanly ýaşaýjy aýdýar.

Noýabryň aýagynda dollaryň gara bazardaky nyrhy birden aşaklady. Ençeme aýlap 20 manat töwereginde saklanan dollar 29-njy noýabrda Aşgabatda 18 - 18,3 manat aralygyna düşdi, 1-nji dekabrda 17 manat boldy, Lebapda 16 manatdan satyn alyndy.

Azatlygyň habarçysy dollaryň birden aşaklamagyna häkimiýetler tarapyndan düşündiriş bolmansoň, adamlarda alada döredendigini we ençemesiniň onuň hasam peselmeginden howatyrlanyp, üýşüren walýutasyny satandygyny belleýär.

Dollaryň hümmetiniň birden peselmegi Halk Maslahaty Milli geňeşiniň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli puly durnukly saklamagy talap eden çykyşynyň yzýanyna gabat geldi.

Dollaryň hümmetiniň durnuksyzlygy bilen bir wagtda azyk önümleri we senagat harytlary gymmatlady. Bu aralykda günebakar ýagy, daşary ýurtlarda öndürlen süýji önümler, alkohol we temmäki önümleri, şeýle-de kir ýuwujy serişdeler, şampun, sabyn, atyrlar 35-40% gymmatlady.

"Indi adamlar bahalaryň gymmatlamagy sebäpli dowula düşýärler. Ilat eşretli durmuş görmeýär, gün-güzeran gymmat we agyr işsizlik bar. 'Indi näme bolar' diýip, adamlar ertirki güne ynanmaýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanda ortaça aýlyk 1010 manada, pensiýa 410 manada we döwlet kömek pullary 390 manada barabar. Türkmen hökümeti täze ýyldan aýlyklaryň we beýleki tölegleriň mukdarynyň adatdakysy ýaly 10% artdyryljakdygyny yglan etdi, emma inflýasiýanyň derejesini agzamady. Ýurtda adamyň ýaşamagy üçin iň zerur azykdan we beýeki önümlerden ybarat "alyjylyk sebedi" diýen görkeziji düzülmeýär.

Türkmen hökümeti walýuta çalyşygynyň gara bazary meselesini hem resmi derejede agzamaýar. Şeýle-de bolsa, wagtal-wagtal dollar söwdagärlerine garşy reýd geçirilýär.

Türkmenistanyň Merkezi Banky 2015-nji ýyldan bäri milli walýutanyň resmi hümmetini amerikan dollary batynda 3,5 manat derejesinde saklaýar. Dollaryň gara bazar bahasy bilen resmi alyş-çalyş bahasynyň arasyndaky ençeme esse tapawut dowamly saklanyp galýar.

Ýurtda ​walýutanyň gara bazary ​2016-njy ýylda nagt walýutanyň resmi söwdasynyň ýatyrylmagyndan soň döredi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Собянин: 10 тыс. человек получили медпомощь в обновленных приемных отделениях





Москва

Всеармянский союз «Гардман-Ширван-Нахиджеван» осуждает лживое заявление президента Азербайджана Алиева


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Сергей Собянин назвал победителей конкурса «Педагоги года Москвы»



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Баста

Рэпер Баста рассказал, на что будет претендовать его СКА




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Онлайн-лекторий «Иннагрика»: подкасты с учеными и экспертами об агротехе доступным языком

Персонажи «Дракошии» и «Команды МАТЧ» примут участие в театрализованном шествии на Московском детском фестивале искусств «Небо» в Парке Горького

Четырёх футболисток самарских "Крыльев" сняли с поезда за дебош


Миомир Кецманович

Кецманович отказался от борьбы в игре с Медведевым на "Ролан Гаррос"



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Українські новини

ОіБ - охорона і безпека: замовляй охорону в Харькові



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России