Мы в Telegram
Добавить новость
103news.com
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Lebapda dümew ýaýraýar, saglyk öýlerinde derman tapdyrmaýar

0

Şu günler Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde grip-dümew alamatlary bilen keselleýän adamlar köpelýär. Hassahanalarda we saglyk öýlerinde derman tapdyrmaýar. Raýatlar döwlet dermanhanalarynyň dermanlarynyň hususy dermanhanalardakydan has gymmatdygyny aýdýarlar.

"Dümewlän raýatlar köplenç maşgala lukmanlaryna ýüz tutýarlar. Şäherdäki Saglyk öýleriniň altysynda we olaryň şahamçalarynyň bäşisinde syrkaw adamlaryň juda köpdügini synlasa bolýar. Adamlar 85 manat töläp, analiz tabşyrýarlar. Lukmanlar näsaglara ýazyp beren dermanlaryny golaýdaky döwlet dermanhanasyndan almagy maslahat berýärler. Olar munuň sebäbini saglyk öýünde dermanyň gutarandygy bilen düşündirýärler" diýip, habarçy aýtdy.

Döwlet dermanhanasyna baran raýatlar, lukmanyň görkezmesiniň bardygyna garamazdan, dermanlary doly bahasyndan satyn almaly bolýarlar.

"Döwletiň saglyk ätiýaçlandyryş şahadatnamasy hiç hili ýeňillik döretmeýär. Lukmanyň görkezme hatynyň bardygyna garamazdan, hemme dermanyň we sanjymyň bahasyny doly alýarlar" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Üstesine-de, döwlet dermanhanalary dermanlary has gymmatdan satýarlar. Ýaşaýjy döwlet dermanhanasynda 800 manat baha kesilen dermanlary hususy dermanhanadan 620 manada alandygyny hem belledi.

"Gara bazarda dollar arzanlap başlasa, hususy dermanhanalardaky dermanlaryň bahasy ýuwaş-ýuwaşdan arzanlaýar. Ýöne döwlet dermanhanalarynda şol bir nyrh saklanýar" diýip, habarçy aýtdy.

Häzirki wagtda dümewlän raýatlaryň bäş günlük dermanlary we sanjymlary tas 1 müň manada barabar bolýar. Bu çykdajylar ykdysady kynçylyklar sebäpli gurpdan düşen köp maşgala agram salýar.

Türkmen häkimiýetleri we döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada aç-açan maglumat bermeýärler. Azatlygyň bu barada Lebabyň saglyk bölüminden kommentariýa almak synanyşyklary hem netije bermedi.

Soňky günlerde Türkmenistanyň dürli künjeginde grip-dümew alamatlary bilen keselleýän adamlar göz-görtele köpelýär, dermanhanalarda adamlaryň uly nobatlary döreýär. Bu waka Türkmenistana, hususan-da ýurduň demirgazyk we gündogar sebitlerine aşa sowuk howanyň aralaşan mahalyna gabat geldi.

Howa maglumatlaryny çap edýän "Weather.com" neşiriniň maglumatyna görä, 9-njy dekabrda Türkmenabatda howanyň temperaturasynyň gündiz 2 we gije -10 gradus bolmagyna garaşylýar.

Bu aralykda, Aşgabatdaky habarçylarymyz paýtagtda howanyň temperaturasynyň klimat normalarynda saklanýandygyny aýdýarlar. 9-njy dekabrda Aşgabatda howanyň temperaturasynyň gündiz 2, gije -4 gradus bolmagyna garaşylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин. Главное за день





Москва

Шапки женские на Wildberries — скидки от 398 руб. (на новые оттенки)


Губернаторы России

103news.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.

Moscow.media
Москва

Собянин: Город привлек инвесторов для комплексного развития еще шести площадок



103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. 103news.com — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости

Анастасия Волочкова

«Деньги уходили»: Волочкова рассказала о предательстве домработницы




Спорт в России и мире

Алексей Смирнов – актер, которого, надеюсь, еще не забыли

Псковичи участвуют в окружном полуфинале конкурса «Это у нас семейное» в Москве

Разгром в Москве и драма в Сочи: «Динамо» без труда сохранило лидерство, но «Краснодар» остался в гонке за золото РПЛ

Воробьев открыл хоккейный турнир «Кубок Юнисон» в Красногорске


ATP

Теннисист Медведев может спуститься на пятое место в ATP после "Мастерса" в Риме



Новости Крыма на Sevpoisk.ru


Москва

РОССИЯ И КИТАЙ: В МИРЕ ВОЗМОЖНА ГЕГЕМОНИЯ ЛИШЬ ИНТЕРЕСА НАРОДА, ЗАКОНА, ИСТИНЫ И СПРАВЕДЛИВОСТИ.



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России